Habarlar
162051bc2306c9.jpeg
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
10.02.22 - 19:05

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalary çap etmegi dowam edýär.


162020f1cc0d8f.jpeg
Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby koreý dilinde neşir edildi
08.02.22 - 11:35

8-nji fewralda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


161f8f4d93102b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli gutlady
01.02.22 - 13:52

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli gutlady.


161f4c72d4fff3.jpeg
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi yglan edildi
29.01.22 - 09:48

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi yglan edildi.


161f20d7abacca.jpeg
Aşgabatda mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär
27.01.22 - 08:11

26-nji ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.


161e49655b575f.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar
17.01.22 - 03:04

Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.


161cfe0b5a73bf.jpeg
Hormatly Prezidentimiz okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
01.01.22 - 10:03

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş watandaşlarymyz baradaky yzygiderli aladalary netijesinde, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi.


161cdfd941a24a.jpeg
Halkyň Arkadagly zamanasy Täze, 2022-nji ýyla şuglasyny saçýar
30.12.21 - 23:42

29-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy.


161c0a78011614.jpeg
Ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew “Ýylyň parlak ýyldyzy— 2021” adyna mynasyp boldy
20.12.21 - 20:55

18-nji dekabrda paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleriniň Täze ýyl maksatnamasynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrülen “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.


161bf47a210213.jpeg
Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda ýetip gelýän Täze — 2022-nji ýylyň şanyna bagyşlanan ähli baýramçylyk dabaralary geçiriler
19.12.21 - 19:54

15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.


161ae47d971bbb.jpeg
Şowhunly Täze ýyl sowgatlary
06.12.21 - 22:26

Täze ýyl baýramy golaýlaýar. Ozaldan däp bolşy ýaly, Täze ýylyň rysgal-bereketli saçagynyň başyna ýygnanan dogan-gardaşlara, dost-ýarlara we körpeje çagalara Aýazbabanyň gatnaşmagynda şowhunly täze ýyl gepleşikler hem-de filmler garaşýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.


161ae2567198b1.jpeg
Hormatly Prezidentimiz nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýtdy
06.12.21 - 19:59

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, olara gabatlap gyzykly teleradiogepleşikleri, metbugatda makalalary taýýarlamagyň zerurdygyna wise-premýer M.Mämmedowanyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ünsüni çekdi.


161a66d214791e.jpeg
Aşhabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
30.11.21 - 23:27

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.


161a66642eedca.jpeg
Paýtagtymyzda YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy
30.11.21 - 22:58

29-njy noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.


161a0faf978a44.jpeg
Ýurdumyzyň Merkezi banky YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli altyn we kümüş şaýy pullary çykardy
26.11.21 - 20:19

Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.