Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça maslahat geçirdi
02.02.22 - 12:50Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatynda türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.
TNGIZT-nda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär
31.01.22 - 11:05Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisiniň öňünde täze sanly ulgamy döretmek hem-de TNGIZT-niň işine ornaşdyrmak boýunça işleriň taslamasyny we meýilnamasyny taýýarlamak wezipesi durýar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
31.01.22 - 09:08Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
28.01.22 - 08:03«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy
26.01.22 - 17:242021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.
Türkmenistanda wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi
25.01.22 - 15:05Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi.
Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlaryň gözleg işlerini netijeli amala aşyrýarlar
25.01.22 - 14:44«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyla ynamly girýärler. Ençeme ýyllaryň dowamynda ekspedisiýanyň hünärmenleri ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde hem-de agyz suw gorlaryny gözlemekde netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
25.01.22 - 08:07Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Nebitiň bahalary ibermeler bilen bagly howatyrlanmalaryň çäginde ýedi ýyllyk rekordlaryny täzeleýär
22.01.22 - 10:46Ýakyn Gündogardan nebit ibermeleriniň bökdençlik howpy zerarly çarşenbe güni nebitiň bahalary 2014-nji ýyldan bäri maksimum rekordlaryny täzeläp, ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
2022-nji ýylda nebite bolan isleg günde 3,3 mln barrele çenli artar, bazar nebit ýetmezçiligini başdan geçirer — HEA
22.01.22 - 08:302021-nji ýylda nebite bolan isleg günde 5,5 mln barrele çenli artdy, 2022-nji ýylda bolsa, bu görkeziji günde 3,3 mln barrele çenli artar diýip, Interfaks we Bloomberg Halkara energetika agentliginiň hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň syýasy geňeşmelerinde energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
22.01.22 - 05:59Duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmelerde ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmennebit» we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda hyzmatdaşlyk hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşylar
21.01.22 - 09:04“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşar.
«Lebapgazçykaryş»: 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy
21.01.22 - 08:24Geçen 2021-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary öndürijilik netijelerini gazandylar. Kärhana boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 12,4 mlrd kub metre barabar boldy, meýilnama 134% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bar
16.01.22 - 22:55Türkmenistanda ägirt uly çig mal we senagat mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdy strategiki taýdan möhüm bolan nebit we gaz önümlerini öndüriji we eksport ediji ýurda öwürmek üçin tebigy we tehnologiki mümkinçilikleri bar. Bu barada ylmy makalasynda CentralAsia.news elektron neşiriniň ylmy synçysy, belli türkmen alymy, tehniki ylymlarynyň doktory we bilermen Allaberdi Ylýasow belledi.
TNGIZT EURO-6 standartyna laýyk gelýän A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligini ýola goýdy
13.01.22 - 23:15Türkmenistanda EURO-6 standartyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan has arassa bolan A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligi başlandy. Bu barada Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.