Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
27.07.24 - 05:4026-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
26.06.24 - 07:42Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.24 - 02:33Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.24 - 02:25Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady
16.06.24 - 00:42Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady.
Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
06.06.24 - 04:50Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy
31.05.24 - 00:3229-njy maýda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti: «Türkmennebit» DK-nyň desgalaryny doly güýjünde işletmek zerur
27.05.24 - 12:2825-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk – GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde
24.05.24 - 12:54Şu gün, 24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Geňeşiň agzalary Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ykdysady gatnaşyklar babatda pikir alşarlar.
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi başlandy
24.05.24 - 12:16Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi başlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
23.05.24 - 04:50Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
23.05.24 - 04:19Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.05.24 - 12:10Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy
22.05.24 - 11:5421-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
20.05.24 - 10:04Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler.