Habarlar
165f264bf077e7.jpeg
Türki döwletleriň aksakgallary söwda, ykdysadyýet, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümligini bellediler
14.03.24 - 07:45

Türki döwletleriň ýaşululary söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümliginiň artýandygyny beýan etdiler. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda Beýanatda aýdylýar.


165f1c32d657e4.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strategiýasyny döretmegi teklip etdi
13.03.24 - 20:15

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi.


165f1c19f272dd.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: Energetika – Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry
13.03.24 - 20:09

Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda 12-nji martda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.


165f16ab66f3ef.jpeg
Hormatly Prezidentimiz 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny ulanmaga berdi
13.03.24 - 13:58

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.


165f12f964d0e0.jpeg
Aksakgallar geňeşiniň başlygy türki döwletleriň özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini belledi
13.03.24 - 09:46

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdi. Bu barada ol 11-13-nji martda Aşgabatda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşykda belledi.


165f12e4a8d047.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmen-türk – hyzmatdaşlygy durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň möhüm şerti
13.03.24 - 09:40

Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar — Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň, Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TRT Haber türk teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi. Interwýu Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.


165efc71f23d84.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY
12.03.24 - 08:08

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY


165efbdd56a874.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy
12.03.24 - 07:28

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy


165efbc5682573.jpeg
Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi
12.03.24 - 07:22

Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, onuň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy.


165ed40beace0e.jpeg
11-13-nji martda Aşgabatda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler
10.03.24 - 10:10

11-13-nji martda Aşgabatda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler


165ec7e2168b6d.jpeg
“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi
09.03.24 - 20:20

“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi.


165ea8b62810b8.jpeg
Saud Arabystany bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
08.03.24 - 08:52

5-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


165ea83a4d7b92.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti eneleri we ähli gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
08.03.24 - 08:19

Türkmenistanyň Prezidenti eneleri we ähli gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady.


165e8764560af8.jpeg
DIM-de Owganystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri maslahatlaşyldy
06.03.24 - 18:57

5-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Söwda we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.


165e87043d8511.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
06.03.24 - 18:31

5-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.