Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy
22.03.22 - 08:0220-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň abadançylygy döwletimiziň aladasydyr
11.03.22 - 14:37Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanda bilimi we ylmy kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, bu möhüm ulgamlary halkara ölçegleriň derejesine çykarmak, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.
Köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
08.03.22 - 07:227-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Mukamlar köşgünde Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti
08.03.22 - 06:387-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.22 - 09:19Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, karar edýärin: Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly:
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
02.03.22 - 05:18“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwrüler
27.02.22 - 09:24Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak bellenildi
27.02.22 - 08:332022-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
BSGG-niň ýörite nyşany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary bahadyr
26.02.22 - 17:1624-nji fewralda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy
21.02.22 - 09:33Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
20.02.22 - 08:3219-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
20.02.22 - 06:47Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
19.02.22 - 06:0218-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi.
Dänew etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy
12.02.22 - 14:49Dänew etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry badalga alýar
10.02.22 - 14:388-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.