Makalalar
16158849b841c8.jpeg
MUNY BILMEK GYZYKLY WE PEÝDALY
02.10.21 - 21:11

• Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş – töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler.


16154671f172fa.jpeg
Köýtendagyň tebigaty — türkmeniň gadymy mirasy
29.09.21 - 18:16

Taryha nazar aýlasak, türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly ajaýyp medeniýetini we onuň esasy bölegi bolan milli mirasyny döredip, gorap, ösdürip nesilden-nesillere geçirip gelipdir. Gadymy şäherler bolan Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, gadymy taryhynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.


1614c132ad1a8a.jpeg
Gaplaňgyr goraghanasy — täsinlikler dünýäsi
23.09.21 - 01:48

Jenneti diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de onuň biodürlüligini artdyrmakda goraghanalaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary özüne birleşdirýär.


161462017ed5d8.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa KARAHANOWA: Meşhur «Dehistan» folklor toparynyň üstünlikli çykyşlarynyň syry nämede?
18.09.21 - 22:21

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktory, “Dehistan” folklor-etnografik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Watanymyzyň ýokary sylagy – «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Saryýa KARAHANOWA bilen ussatnews.com gazetimiziň habarçysy söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.


1613f972190848.jpeg
Bathyz döwlet tebigy goraghanasy barha baýlaşýar
13.09.21 - 23:23

Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özüniň täsin haýwanat dünýäsi bilenem aýratyn tapawutlanýar. Goraghananyň çäklerinde ýaşaýan gulanlar, Ýeroýulanduz çöketliginiň bol ot-çöpli giňişliginde, Gyzyljaryň kert gaýalarynda gyşyn-ýazyn mesgen tutunyp ýaşaýan dag goçlary, keýikler, hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn myhman bolýan guşlar, süýdemdirijiler, oňurgasyz jandarlar bu täsin künjege tebigatyň eçilen esasy baýlygy hasaplanylýar.


1613d9a8ceae30.jpeg
Gülşirin Öwezmämmedowa bagtyýar durmuşyň hözirini görüp baýramçylyk dabaralarynda gyzlarynyň tikýän lybaslaryny geýýär
12.09.21 - 11:13

Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähribanlyk Gülşiriniň ylhamdan pürepür dünýäsine mahsus. Onuň «Arkadag», «Watan», «Ýar onda aglar» ýaly aýdymlaryny sungaty söýüjiler uly höwes bilen diňleýärler. Ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Gülşirin ÖWEZMÄMMEDOWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


16139b53424d22.jpeg
Rasim GELDIÝEW halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döretmek maksat edýär
09.09.21 - 12:18

Diňleýjileriň arasynda öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň labyzlylygy bilen adygan zehinli aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Rasim GELDIÝEWDIR. Onuň aýdýan aýdymlary, aýratyn-da ýaşlaryň göwnüni awlaýar. Ussatnews. com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


161336f1878c3a.jpeg
SÖZLEMEGIŇ, GÖZLEMEGIŇ, TAPMAGYŇ USSADY
04.09.21 - 17:55

...Ol hut şu ussatlygy bilen türkmen telewideniýesiniň altyn hazynasyny ýene-de baýlaşdyrdy. Şol ussatlygy bilen ol döreden we alyp baran telegepleşikleriniň her birinde tomaşaçynyň ýüregine barýan ýoly, «mawy ekran» muşdaklarynyň kalbynyň teýinde ýygşyran pynhanlyklaryny «okamagy» başardy.


160c168af88224.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
10.06.21 - 06:19

Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy. Ol adamlaryň kalbyna ene hüwdüsi bilen geçýär. Enäniň mylaýym sesi çaga beýnisine mydamalyk ýazylýar. Köp adam şol sese ömürboýy maýyl bolup, aýdym-sazyň ummanynda ýüzüp başlaýar. Şeýle ynsanlaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Annagül GURDOWADYR.


1603fa0834a87c.jpeg
Çyn sungaty döredýän Amangül GURBANOWA
03.03.21 - 19:43

Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowanyň aýdymlaryny diňläniňde, onuň belent sesine, şirin owazyna maýyl bolýarsyň. Aýdymçy zenanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän «Arkadag bilen», «Watan», «Söý, ezizim», «Intizar etdiň peri» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan has-da söýlüp diňlenilýär. Biz hem «USSAT NEWS» elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


1603e87c9d948b.jpeg
Begmyrat ANNAMYRADOW bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýär
02.03.21 - 23:45

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungaty pajarlap ösýär. Hoş owazy bilen halkyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Begmyrat ANNAMYRADOWDYR. Onuň «Ýaşa, mähriban Arkadag!», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», «Arkadagym mähriban», «Jan enem» ýaly aýdymlary köpüň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Biz hem köp sanly islegleri nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.


160367f884efb5.jpeg
Dursunjemal GAZAKOWA aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar
24.02.21 - 21:32

Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal GAZAKOWANYŇ näzikden ýakymly owazynyň muşdaklary kän. Onuň «Söýüň, söýüň, Arkadagly Diýary», «Watanym», «Durnalar», «Gabanma», «Garaşýan», «Gözleriň» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar. Dessançy gelin bilen USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.


1602ea50287139.jpeg
ŞATLYK GURBANNAZAROWYŇ kämillige uzaýan ýoly
18.02.21 - 22:33

Zehinli ýaş aýdymçy Şatlyk Gurbannazarow hoş owazly aýdymlary bilen teleradioýaýlymlarda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Ol mukamçy kompozitor, ussat bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň ýerine ýetiren «Bibijan», «Pyragyny gören daglar», «Zülpüň», «Maral», «Gözel Sumbaryň nary» ýaly aýdymlary bilen bilelikde ençeme estrada aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýär.


160254e0cea830.jpeg
Nurýagdy Rejebow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni ajaýyp aýdymlarynda wasp edýär
11.02.21 - 20:32

Şu gün joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, ýaşlaryň arasyndan saýlanmagy başaran aýdymçy, Tűrkmenistanyñ at gazanan artisty Nurýagdy REJEBOW bilen USSAT NEWS gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.


16023f7494e781.jpeg
Ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy Meýlis HALBAÝEW
10.02.21 - 20:10

Çagalykdan owazlar dünýäsine aralaşan, ajaýyp owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy ýigitleriň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Meýlis HALBAÝEWDIR. Ol «Bitaraplyk ýolunda», «Watan», «Awaza», «Hoş gal», «Bagyş edeli» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.