Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary tamamlandy
25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary işjeňleşdirmegiň, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň işini ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem teklipleri beýan etdi.
Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-gazak dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi.
Gazagystana döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
В Ашхабаде открылся офис Национальной нефтяной компании Абу-Даби (ADNOC)
В Ашхабаде 24 ноября состоялось тожественное открытие офиса Национальной нефтяной компании Абу-Даби (ADNOC), сообщает издание «Туркменистан: золотой век».
Туркменистан вновь избран в ключевой комитет Международного бюро выставок
25 ноября в Париже, на 177-й сессии Генеральной Ассамблеи МБВ, Туркменистан был переизбран в Административно-бюджетный комитет Международного бюро выставок (МБВ) на период 2026-2027 годов, сообщает МИЦ.
Делегация Туркменистана участвует в Генеральной конференции ЮНИДО в Эр-Рияде
Делегация Туркменистана, возглавляемая Министром промышленности и строительного производства Тойгулы Нуровым, принимает участие в 21-й Генеральной конференции ЮНИДО в Эр-Рияде с 23 по 27 ноября, сообщает МИЦ.
Туркменские швейные предприятия повышают квалификацию с европейским подходом
С 17 по 21 ноября в Ашхабаде прошёл специализированный тренинг по конструированию и производству одежды, организованный Международным торговым центром (МТЦ) в рамках проекта «Туркменистан: устойчивость торговли и интеграция», финансируемого ЕС, сообщает МИЦ.
В Ашхабаде отметили 100-летие легендарного авиаконструктора Алексея Туполева
В Русском доме Ашхабада отметили столетие со дня рождения легендарного авиаконструктора Алексея Туполева, сообщает МИЦ.