Türkmenistanyň halk artisti Dilber RAHMANOWA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşlerini, dogduk diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, päk söýgini wasp edip, sungat äleminde halkymyzyň söýgüsini gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Medeniýet merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowadyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Watanym, sende bagtly men, bagtly», «Söýgi» we «Ezizlänim sen» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Biz hem golaýda okyjylarymyz üçin aýdymçy zenan bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk.
— Dilber, söhbedimizi aýdym-saz älemine gelşiňizden başlaýalyň!?
— Aýdym-saza bolan höwesim çagalyk ýyllarymda döredi. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Maý geňeşliginiň Menzere obasynda doguldym. Şol ýerdäki 10-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysykam ýaş zehinleriň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji boldum. Şeýle-de, etraplarda geçirilýän dürli aýdym-saz bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolup, sungat älemindäki ilkinji üstünliklerimi gazanyp başladym. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilimimi dowam etdim. 2005-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi, 2020-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak günler boldy.
— Siz diňe türkmen dilinde däl, eýsem, daşary ýurt dillerinde-de aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirýärsiňiz...
— Akyldarlaryň biriniň aýtmagyna görä, aýdymyň sazy we sözi ýerine düşende, haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, diňleýjini kökerip goýýar. Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçende «Urtar» diýen özbek halk aýdymyny aýtdym. Şeýle-de «Dodarakam» atly täjik aýdymyny diňleýjilere ýetirdim. Esasan hem, özbek, türk we täjik dillerinde aýdym aýdýaryn.
— Iň gowy görýän owazyňyz haýsy?
— Dutaryň owazy. Dutaryň piri Baba Gammar diýilýär. Çünki dutaryň owazy ynsan köňlüne rahatlyk berýär.
— Üstünlik baradaky pikiriňiz?!
— Her bir işde başarnygam, yhlasam gerek, ýöne ýere «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýilmändir. Üstünlik gazanmak hiç haçan hem ýeňil düşenok.
— Adamlarda gowy görýän häsiýetiňiz?!
— Alçak, wäşi, ruhubelent adamlary gowy görýärin. Sebäbi özümem durmuşda şeýle, islendik ýagdaýda-da ruhubelent bolmak ynsana öňe gitmäge, päsgelçilikleri ýeňmäge güýç berýär.
— Ykbalyňyzdaky bagtly pursatlaryňyz barada hem gürrüň beräýseňiz?
— Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakan pursaty ömrümiň iň bagtly günleriniň biri boldy. Şeýle-de, ilkinji perzendimi gujagyma alanymda, ene bolan günüm, bu biz — zenanlar üçin iň bagtly pursatlaryň biridir.
— Dilber, ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz ýadyňyzdadyr-la...
— Elbetde. Ilkinji gezek mekdepde okaýan wagtym «Akja kepderi» diýen aýdymy Balta Babamyradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetiripdim. Şol gün hiç ýadymdan çykmaz.
— Aýdym-saz sungatynda halypalaryň hyzmaty uly bolýar...
— Dogry aýdýarsyňyz, mekdepde okaýan döwrüm maňa aýdym-saz mugallymym, soňra Ymam Ýollyýew, Kümüş Hezretgulyýewa dagy halypalyk etdi. Şeýle-de, halypam, sazanda hem kompozitor Rüstem Abdyresulow bilen bilelikde birnäçe aýdymlary döretdik.
— Okyjylarymyza maşgala durmuşyňyz barada gürrüň beräýseňiz?
— Maşgalada bäş dogan— üç oglan, iki gyz bolup ulaldyk. Sungaty jany-teni bilen söýýän kakam, ejem aýdymçy bolmagymda ene-ata goldawyny berdiler. Kakam şonda «Allanyň beren zehinini ýitirme, gyzym» diýipdi. Ejem jan hemişe maslahatçym. Ýoldaşym Guwanç bilen iki oglumyzy terbiýeleýäris, ulymyz Wepa 2-nji synpda okaýar, körpe oglum Ýusupaly dört ýaşynda.
— Iň gowy görýän aýdymyňyz, şeýle-de nähili aýdymlary diňlemegi halaýarsyňyz?
— Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň ählisinem gowy görýän. Ýöne «Ene ýüregi» aýdymym has-da ýüregime ýakyn. Adatça pessaý heňli aýdymlary, türkmen halk aýdymlaryny diňlemekden lezzet alýaryn.
— Geljekdäki maksatlaryňyz?
— Bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän täze aýdymlarym bilen halkymyza ruhy lezzet bagyşlamak — baş maksadym. Mähriban Watanymyzyň asmany elmydama arassa, aýdym-sazyň gadyryny bilýän il-günümiziň geljegi mundan-da zyýat bolsun! Sungata belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
— Dilber, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Köňül ylhamyňyz hemişe joşup dursun!
Söhbetdeş bolan Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.

Руководитель программы «Зеленая Центральная Азия», GIZ, доктор Каролина Милов
Для более подробного обсуждения проводимой работы в этой области, Туркменистаном в сотрудничестве с Европейским Союзом, мы пригласили директора программы Немецкого общества международного сотрудничества (GIZ), доктора Каролину Милов.

Народный артист Туркменистана Акмухаммет Сапаров
Творчество народного артиста Туркменистана Акмухаммета Сапарова любимо поколениями туркменистанцев. Лирические песни в его исполнении наполняют сердца людей особым светом и теплом. Благодаря таланту Акмухаммета Сапарова, его проникновенному голосу, по-новому зазвучали известные произведения туркменских поэтов.

Доктор технических наук Ирина Лурьева
В преддверии широко отмечаемого в Туркменистане Дня работников нефтегазовой промышленности и геологии мы пригласили Ирину Ильиничну Лурьеву в нашу редакцию.

Герой Туркменистана Сарагт Бабаев
В преддверии 33-й годовщины независимости страны, в ходе заседания Халк Маслахаты Туркменистана, народный художник страны, дважды лауреат Государственной премии имени Махтумкули, почетный старейшина народа, педагог-наставник Сарагт Бабаев согласно Указу Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова был удостоен звания «Герой Туркменистана». Мы пригласили Сарагта Бабаева на интервью.

Народный артист Туркменистана Сахи Джепбаров
Уходящее в глубь веков искусство пения и игры на дутаре пользовалось в Туркменистане во все времена особым почетом и уважением. По сей день народ хранит память о легендарных бахши – музыкантах. В XX веке продолжателем лучших традиций мастеров этого искусства, выведшим его на новый уровень, стал Сахи Джепбаров (1905-1978).