Lukmanyň maslahaty - Balygyň saglyga peýdasy

Men geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda Esenguly etrabynyň merkezi hassahanasynda hirurg-lukman bolup işledim. Deňiz ýakasynyň ilatynyň ýekeje gün balykly tagam iýmeseler, özlerini oňaýsyz hasap edýändikleriniň şaýady boldum.
Balyk iýmitiniň ýokumlydygy, oňa öwrenişen adam bedeniniň beýleki önümleri känbir isläp durmaýandygy maňa mälim. Men hünärim boýunça hirurg bolsam-da, umumy kabul edişligi hem geçirýärdim. Ýaşdym, tejribäm ýokdy. «Size bu gan basyşyňyz bilen duzly balyk iýmek bolanok» diýsem, «О nähili iýmek bolmaýar, bütin ömrümde diňe balyk iýdim. Enem-atam şony iýip, 80-den agyp, dünýäden ötdüler, menem 70-den geçdim, mundan soň ony iýmän görjek zadym näme!» diýip, ýaşulularyň meni utandyran halatlary häzirem ýadymdan çykanok. Indi tejribe topladym, köp zada göz ýetirdim, ýaşulularyň şol sözlerini özümem makullaýaryn.
Dünýä boýunça uzak ýaşaýan halk ýaponlar hasap edilýär. Alymlar muny ummandyr deňizleriň balyklarynyň we ösümlikleriniň çigligine ýa-da bişirilip iýilmeginiň adamyň bedenindäki gan damarlarynda holesteriniň ýelmeşmegine garşy şert döredýändigi, gan damarlarynyň durkuny, tebigy ýagdaýyny saklap bilýändigi bilen düşündirýärler. Biz lukmanlar keselleri, köplenç, stres bilen baglanyşdyrýarys. Bu ýerde bolsa, tebigy hadysalar ýygy-ýygydan bolup, ondan uly stres bolarmy diýip, olaryň iýýän iýmitiniň gurluşyny-düzümini öwrenýärler we barlag geçirip, iýýän zatlarynyň düzüminiň grek hozunda bardygyny anyklaýarlar. Hozuň holesteriniň gan damarlarynda ýelmeşmegine päsgelçilik döredip, damaryň çeýeligini saklaýandygyny belleýärler. Ony şu aşakdaky görnüşde taýýarlap, ulanmagy maslahat berýärler. Daşynyň gabygy aýrylan 100 gram hozy, bardalary bilen sokuda un etmeli hem-de irden çöregiň üstüne ondan birazajyk goşup, oňa bir damja ýaz balyny damdyryp, her gün ulanmaly. Men bu usuly bir ýaşuluda ulanyp gördüm, «Ýatkeşligimiň ugry ýok» diýip, ýüz tutandan 3 aýdan soň, ondan minnetdarlyk hatyny aldym.
Diýmek, balyk we balyk önümleri adam saglygyna peýdaly bolup, gan damarynyň daralmagyna garşy durup, adamyň ýaşynyň uzalmagyna örän uly täsiriniň bardygy şeksizdir. Hakyky balykçylaryň 70-80 ýaşynda ýaş oglanlardan ýeňil gopýandygynyň özüm şaýady boldum. Olar bir gün deňziň howasyndan dem almasalar, özlerini agyr duýup başlaýardylar.
Rejepguly MAŞADOW,
lukman-trawmatolog, Balkanabat şäheri.

Пение укрепляет здоровье
Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.

Выявлен фрукт продлевающий жизнь
Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.

Как подготовить первоклашек к школе
На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания
Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).

Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья
Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.