Habarlar

Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/10775/original-1686ccb8f507b3.jpeg

Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir. Eger-de iş tejribesi 2 ýyla golaý bolan 3-nji toparly sürüjiniň 100 kilometr ýola sarp edýän ýangyjyny 100 göterim diýip kabul etsek, onda 2-nji toparly sürüjide şol sarp edilen ýangyç 3 — 4 litr, 1-nji toparly sürüjide bolsa 5 — 6 litr az bolýar. Awtoulagyň uzak wagtlap aralyk herekete geçirijide sürülmegi sarp edilýän ýangyjyň

15 — 22 göterim ýokarlanmagyna getirýär. 1 kilometr aralyk kadaly hereket edilip geçilende sarp edilen ýangyç şol aralyk bat alnyp geçilende sarp edilen ýangyjyň 60 — 65 göterimini tutýar. Ýangyjyň sarp edilişine sowadyjy suwuklygyň temperaturasy düýpli täsirini ýetirýär. Onuň 75 — 80oC amatly temperaturasynyň deregine 40 — 45oC bolan ýagdaýynda ýangyç 10 — 14 göterim artyk harçlanýar. Sowadyjy suwuklygyň temperaturasynyň amatly ýagdaýdan ýokary bolmagy hem sarp edilýän ýangyjy 5 — 10 göterim artdyrýar. Awtoulagyň tehniki ýagdaýy hem birnäçe sebäpleriň üsti bilen ýangyjyň sarp edilişine düýpli täsir edýär. Meselem, haýalladyjynyň we tigriň topunyň nädogry sazlanmagy ýangyjyň sarp edilişini 10 — 20 göterim ýokarlandyrýar. Şeýle hem öň tekerleriň deňliginiň kadaly ýagdaýdan üýtgemegi 10 — 15 göterim ony ulaldyp biler. Ähli tekerlerde howanyň basyşynyň

1 kgs/sm2 peselmegi 10 göterime, klapanlaryň nädogry sazlanmagy 5 — 8 göterime, ekonomaýzeriň näsazlygy 10 göterime, sekiz silindrli hereketlendirijide bir ot berijiniň (sweçiň) işlemezligi 15 — 18 göterime, alty silindrli hereketlendirijide bolsa 20 — 25 göterime, bir pürküji guralyň işlemezligi 25 — 30 göterime çenli ýangyjyň sarp edilişini ýokarlandyrýar. Hereketlendirijiniň silindrleriniň gilzalarynyň, porşeniň kolsalarynyň güýçli kütelmesi, silindriň blogunyň ýapynjasynyň zaýalanmagy silindirlerdäki sazlaşygy birden peseldýär we hereketlendiriji öz kuwwatyny ýitirýär. Şol sebäpden gerekli kuwwaty almak üçin sürüji ýangyjyň berlişini köpeldýär ýa-da pes geçirijide hereket etmeli bolýar, bu bolsa ýangyjyň gereginden artyk harçlanmagyna getirýär.

Awtoulaglara öz wagtynda ýokary hilli edilen tehniki hyzmatlar, şol geçirilýän işlere doly gözegçilik etmek ýangyjyň artyk harçlanmagynyň öňüni almakda örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Awtoulagyň tehniki ýagdaýy ýangyç bilen üpjün ediji we herekete getiriji enjamlaryň, transmissiýanyň, dolandyryjy mehanizmleriň sazlanyşynyň hili bilen kesgitlenýär.

Önümçilik-tehniki gullugy ulaglara tehniki hyzmatlaryň we abatlama işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilde ýerine ýetirilmegine, maslahat berlen ýangyjyň we çalgy ýaglaryň ulanylmagyna berk gözegçilik etmelidir. Wagtynda geçirilýän tehniki hyzmatlar tehnikanyň işlemegi üçin harçlanýan ýangyjyň we ýagyň tygşytly sarp edilişini üpjün edýär. Geçirilýän hyzmatlaryň esasylarynyň biri-de ýag we ýangyç bilen üpjün ediji enjamlaryň jebisligini barlap durmak hem-de sähelçe möçberde syzýan ýerleri tapylan badyna onuň sebäbini bilip, dessine düzeltmek bolup durýar.

Eger-de bu tehniki hyzmatlar öz wagtynda ýerine ýetirilmese, onda agramy bary-ýogy 0,05 gram bolan her bir syrygýan damja tehnikanyň ýangyç gabyndan bir ýylyň dowamynda 1,5 tonna golaý ýangyjy ýitirmäge sebäp bolup biler diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň inženeri Ezizmyrat Halmyradow belledi.

Başga habarlar
169dfab9a9d889.jpeg
SUW ARASSALAÝJYLARYŇ GOŞANDY

Ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri we öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary mynasyp goşantlaryny goşýarlar.


169df3ffa63d29.jpeg
SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.


169ddc1eeb654d.jpeg
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. Bu çäre “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

169d360a0c013a.jpeg
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.


169d0f603788b4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda üç aýyň jemlerine garaldy

4-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.