Makalalar
162b06ce96dfb2.jpeg
Meniň şäherim — meniň ikinji öýüm
20.06.22 - 17:49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheri-de bina edilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň hasabyna öz çägini giňeldip ösýär hem özgerýär. Gazçylar şäheriniň abadançylygynyň üpjün edilip, has gözel keşbe girmeginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar.


162adb8ef91456.jpeg
Naýypdaky netijeli işler
18.06.22 - 16:37

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 46,4 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy.


16290f159a8ca1.jpeg
Il alkyşyna mynasyp gazçylar
27.05.22 - 20:42

«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynda aýba-aý iş tabşyryklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde hem-de tebigy gazy ulanyjylaryň gaz enjamlaryndan ýerlikli peýdalanmagyny gazanmakda edaranyň içeri öý gaz enjamlary gullugynyň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar.


1628d0315cad0b.jpeg
«Gara altynyň» goşmaça tonnalary
24.05.22 - 21:08

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Muňa geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bitirilen işler hem şaýatlyk edýär.


1628bdcb3a4dce.jpeg
Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy
24.05.22 - 00:12

Garaşsyz Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup etilirlenen benzini öndürmegi bes etmek bilen, awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy. Ýurt üçin täze önümiň — propileniň gomopolimerleriniň, çalgy ýaglarynyň önümçiligi özleşdirildi.


1628a3a22657fe.jpeg
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty
22.05.22 - 18:26

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, milli telekeçilerimiziň haryt öndürijiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, olaryň ýurdumyzda importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri we hyzmatlary öndürmeklerini döwlet tarapyndan goldamak hormatly Prrezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.


1628a2e24e5553.jpeg
Dünýäde iň uzyn köpri nirede ýerleşýärkä?
22.05.22 - 17:35

Ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde awtomobil we demir ýollar bilen bilelikde köprüleriň çekilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Dünýä ýurtlarynda iň uzyn köprüler awtomobillere görä demir ýol düzümleri üçin has ýygy gurulýar.


1628933a091110.jpeg
Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar
21.05.22 - 23:46

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk toplumy hem yzygiderli ösdürilýär. Şunda guşçulyk toplumlaryna aýratyn orun degişlidir.


162868b6206d32.jpeg
Iň köp deňiz önümlerini öndürýän ýurtlar
19.05.22 - 23:24

Balyk we beýleki deňiz önümleri bütin dünýäde islegli azyk önümleri hasap edilýär. Bu ýagdaý bu önümleri iberiji ýurtlar üçin ykdysady taýdan uly bähbit getirýär.


1627de9f7b9bb7.jpeg
Gadamy batly gazçylar
13.05.22 - 10:17

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler ilaty we edara-kärhanalary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.


16272b3310346b.jpeg
Ýangyç-ýylylyk öndüriji çeşmedir
04.05.22 - 22:09

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “halkyň Arkadagly zamansy” diýilip halkymyz tarapyndan teklip edilen ýylda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär.


162701c2d2d60b.jpeg
Milli bank ulgamy kämilleşýär
02.05.22 - 23:00

Milli ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň banklar ulgamy mähriban Arkadagymyzyň berýän goldawlary netijesinde dünýä derjelei ösüşleri başdan geçirýär. Şunda bank edaralarynyň täze häzirki zaman binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi aýratyn möhüm pursatlardyr.


1626302d9b7eb5.jpeg
Döwletimiziň Ulag diplomatiýasy
23.04.22 - 00:32

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ulag diplomatiýasy yzygiderli rowaçlanýar.


1625bba58398b6.jpeg
Abatlaýjylaryň saldamly goşantlary
17.04.22 - 11:57

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýylary abatlaýjylar müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.


1625181b85b29d.jpeg
Özgertmelerine beslenen döwletimiz bedew bady bilen okgunly öňe barýar
09.04.22 - 17:53

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň beýik özgertmelerine beslenen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar, döwletli diýarymyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar.