Habarlar
1682ad504341b5.jpeg
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
19.05.25 - 11:51

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16823832b81854.jpeg
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
13.05.25 - 22:36

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.


168237eeba6ab6.jpeg
Nebitiň we gazyň senagat akymy alyndy
13.05.25 - 22:18

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleriniň çekýän yhlasly zähmeti tüýs ýerine düşdi. Olaryň Günbatar Goturdepe käninde burawlan 1907-nji barlag guýusyndan gymmatly çig mal bolan nebitiň senagat akymy alyndy.


1681f8f9085b31.jpeg
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
10.05.25 - 22:40

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16818e0c6c22f3.jpeg
Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
05.05.25 - 21:01

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde “ýaşyl energiýa”, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energotygşytlylyk we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.


16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
23.04.25 - 14:27

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
23.04.25 - 10:50

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
23.04.25 - 10:46

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.


16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
17.04.25 - 14:19

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
16.04.25 - 18:50

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


167ffb215e3d9c.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan üçin “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi aýratyn ähmiýete eýe
16.04.25 - 18:35

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.


167f17ddc66529.jpeg
Türkmenistan ÝB bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow
06.04.25 - 00:00

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady.


167ee897e27002.jpeg
В Ашхабаде состоялся сольный концерт Атагельды Гарягдыева
03.04.25 - 18:13

В Большом зале Туркменской национальной консерватории имени М.Кулиевой состоялся сольный концерт народного артиста Туркменистана, профессора кафедры сольного пения Атагельды Гарягдыева, - сообщает сайт «Туркменистан: золотой век».


167ee2a4ca5d47.jpeg
“CNPC” – halkara forumyň (TEIF 2025) platina hemaýatkäri
03.04.25 - 11:27

2025-nji ýyl – “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda energiýa howpsuzlygy dünýäniň durnuklylygynyň we ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.


167e55eb086e40.jpeg
TEIF 2025 forumyna GECF-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim bolar
27.03.25 - 19:20

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna (TEIF 2025) taýýarlyk işleriniň ýokary depginde dowam edýär. Bu forum 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.