Makalalar
162433eeaadab2.jpeg
Iň güýçli jandarlar
29.03.22 - 22:16

Tebigatda iň güýçli jandarlar haýsylarka? Eger-de olary özboluşly sport çäresinde, meselem, agramlyklary götermekde özara bäsleşdirip bolsady, onda biz, megerem, dünýäde iň gyzykly sport-şowhunynyň şaýady bolardyk.


16192b000bf262.png
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça giň gerimli işler geçirýär
16.11.21 - 00:07

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we gös-göni gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek boýunça giň gerimli işler geçirýär. Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol we tennis meýdançalary guruldy.


161704d809e8c9.jpeg
Türkmen milli göreşiň taryhy
20.10.21 - 22:10

“Türkmen milli göreşiniň” gelip çykyşy we onuň ösüş taryhy hakynda bilýärdiňizmi? Türkmen milli göreşiniň döreýşi hakynda gürrüň edilende biz asyrlaryň jümmüşine gaýybana syýahat etmeli bolýarys. Çünki ähli milli göreşleriň başlangyjynyň adamzat jemgyýetiniň ilkinji basgançagy bolan ilkidurmuş gurluşygyna degişlidigini aýtmak bolar.


161128a5fe23ad.jpeg
Iň arzyly Olimpiada
10.08.21 - 19:17

Medallary, münberleri, ýeňişleri, utulyşlary, şatlyklary, ahmyrlary, garaşylan we garaşylmadyk netijeleri bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryha siňdi.


160217d4ed95fd.jpeg
Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala
08.02.21 - 23:05

Balkanabatly Durdyýewleriň şaşkaçylar maşgalasy sportuň bu görnüşi babatda ata Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala hökmünde giňden tanalýar. Maşgalabaşy Hojadurdy Durdyýew «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi», ýurdumyzyň 16 gezek çempiony, halkara derejeli emin, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesidir.


16011885010219.jpeg
Dünýä çempionlygyndan Olimpiýa medalyna
27.01.21 - 20:35

28 ýyl goja taryh üçin, belki, örän ujypsyz wagt aralygy. Ýöne ynsan ömri üçin az pursat hem däl. 28 ýyllyk menzil Garaşsyz Türkmenistana bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny bagyşlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä belli ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewden soňra dünýä çempiony bolan ikinji türkmenistanly türgen boldy.