Habarlar
165fa6e2d585b9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
20.03.24 - 10:03

19-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi.


165eb0d1b2fbcc.jpeg
21-nji martynda “Nowruz ýaýlasynda” Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler
08.03.24 - 18:05

21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler.


165dcd817b1eff.jpeg
«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşigi badalga aldy
26.02.24 - 17:48

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bäsleşik ýylyň-ýylyna guralýar.


165db08e9c4680.jpeg
Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler
25.02.24 - 14:31

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.


165d4abd39b9a9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
20.02.24 - 18:40

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, ilkinji partiýa guramasynyň, şeýle hem zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli utgaşykly çäre geçirildi.


165d0cb81b6160.jpeg
Kiýew şäherindäki Magtymguly muzeýine täze gymmatly eksponatlar gowşuryldy
17.02.24 - 20:06

Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.


165b0009087949.jpeg
Türkmenistan “Mosfilmiň” 100 ýyllyk taryhynda
23.01.24 - 23:08

Russiýanyň iri “Mosfilm” kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen “Çölüň ak güneşi” («Белое солнце пустыни») hem-de “Kin-dza-dza” ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi.


1658fb813df18e.jpeg
Bosagada täze - 2024-nji ýyl: garşylamagyň aýratynlyklary
30.12.23 - 11:26

Täze 2024-nji ýylyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Uly adamlaryň we çagalaryň gowy görýän bu baýramçylygy jadylara we täsinliklere beslenendir.


1657d69685582d.jpeg
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy
16.12.23 - 14:10

15-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.


1657d4307ee260.jpeg
Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy
16.12.23 - 11:26

15 dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar.


16571eb141d185.jpeg
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
07.12.23 - 20:56

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.


1655ae566573c5.jpeg
«Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýa çapdan çykdy
20.11.23 - 09:46

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewanyň taýýarlan «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýasy Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çapdan çykdy.


16550bb3121826.jpeg
Türkmenistanda Hasyl baýramy giňden bellenilýär
12.11.23 - 16:46

Şu gün, 12 – nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl baýramy giňden bellenilýär. Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


1652d1892ef437.jpeg
Ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi
16.10.23 - 16:03

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi.


16528f43e2ffc3.jpeg
Türkmenistanyň ýaş sazandalarynyň Bişkekdäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň üstünlikleri
13.10.23 - 12:28

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirildi.