Habarlar
16260dac0d3630.jpeg
Birinji çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10 mlrd kub metrden gowrak gaz satyn aldy
21.04.22 - 09:17

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HHR 10,07 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu barada PipeChina West Gas Pipeline kompaniýasy habar berdi.


1625fccc7811ab.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.04.22 - 14:05

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


1625fc40a4dde8.jpeg
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadyldy
20.04.22 - 13:27

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Orazmyrat Gurbannazarow saglyk ýagdaýy sebäpli Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.


1625f0eaed683e.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi
20.04.22 - 00:34

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.


1625f099ad6049.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
20.04.22 - 00:12

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.


1625f0252ab635.jpeg
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň önümçilik möçberleri artýar
19.04.22 - 23:41

«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirligi tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmagyny we eksportyny artdyrmagyny dowam edýär. 2022-nji ýylyň üç aýynda müdirlik boýunça önümçilik 3 mlrd 183 mln kub metr tebigy gaza barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 119,4% ýerine ýetirildi. Gaz kondensatynyň önümçilik möçberi degişli döwürde 14 müň tonna barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 115% ýerine ýetirildi.


1625e6890264a1.jpeg
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
19.04.22 - 12:45

16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.


1625cf46cbb5e2.jpeg
Pudagara toparyň mejlisi
18.04.22 - 10:17

16-njy aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


1625bb5cc85622.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenanyny gutlady
17.04.22 - 11:38

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


1625ac0ad6dd97.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
16.04.22 - 18:12

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler.


1625af7a17d809.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
15.04.22 - 18:46

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde döwrebap 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi.


162596e6b9b6ba.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Awazada dynç alyş möwsümine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi
15.04.22 - 18:08

14-nji aprelde, günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde welosipedli gezelenç etdi.


16259698e93f4e.jpeg
Hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy
15.04.22 - 17:48

14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy.


1625964e23483a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi
15.04.22 - 17:28

14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi.


162595ba5a2946.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär
15.04.22 - 16:48

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mygallymlary tarapyndan rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň ylmyna we sungatyna bagyşlanyp taýýarlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.