Ussatlar

«Yonhap» gullugynyň habarçysy Türkmenistan baradaky täsirleri bilen paýlaşdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13257/original-16a670c4e4fa6f.jpeg

2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly birinji sammitine taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistana «Yonhap» belli koreý habarlar agentliginiň habarçysy Son Dо Hýon geldi.

Saparynyň dowamynda daşary ýurtly myhman redaksiýamyza gelip, öňde boljak sammitden garaşylýan netijeler, ýurdumyzyň senagat kuwwaty hem-de Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherleriniň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi.

— Hormatly jenap Son Dо Hýon, sentýabr aýynda Seul «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly birinji sammiti kabul eder. Siziň ýurduňyzyň syýasy we işewür toparlarynyň bu taryhy wakadan garaşýan esasy netijeleri barada gürrüň beräýseňiz...

— Öňde boljak sammit biziň gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarar. Koreýa Respublikasynyň syýasy we işewür toparlary şol duşuşygyň ykdysady hyzmatdaşlygymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarlar.

Biz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sanly özgertmeler ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn umyt baglaýarys. Koreý kompaniýalary sammitiň Merkezi Aziýanyň bazarynda öz ornuny berkitmäge hem-de ýerli hyzmatdaşlar bilen uzak möhletli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik döretjekdigine garaşýarlar. Biz şol hyzmatdaşlygyň geljek onýyllyklarda özara rowaçlyk üçin mäkäm binýat döretjekdigine ynanýarys.

— Koreý işewürleri türkmen ykdysadyýetiniň haýsy ugurlaryny maýa goýmak we bilelikdäki taslamalar üçin has amatly hasaplaýarlar?

— Biziň işewürlerimiz Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň üstüni netijeli ýetirip biljek ýokary tehnologiýaly pudaklara uly gyzyklanma bildirýärler. Biz üçin däbe öwrülen kuwwatly ugurlar — energetika we gurluşyk bilen bir hatarda, «akylly» önümçilikleri we ekologiýa taýdan arassa energetika çözgütlerini döretmek boýunça taslamalar geljegi has uly ugurlar bolup durýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek syýasatyny alyp barmagy bilen baglylykda, dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak we kämil agrotehnologiýalary ornaşdyrmak ösüşiň möhüm ugurlary bolup biler. Mundan başga-da, saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak we «akylly» şäherleri gurmak Koreýanyň öňdebaryjy tejribesiniň uly netijeleri gazanmaga ukyply bolan ugurlary bolup durýar.

— Türkmenistan häzir ähli ulgamlara sanly çözgütleri işjeň ornaşdyrýar. Haýsy koreý IT-tehnologiýalary ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ulanylyp bilner?

— Türkmenistanyň sanly ulgamy ösdürmäge ymtylmagy öňdebaryjy koreý IT-çözgütleri üçin örän uly mümkinçilikleri açýar. Birinjiden, bu maglumatlary seljermek we çig malyň çykarylyşyny amatlaşdyrmak üçin emeli aňyň (EA) binýadynda işlenip düzülen tehnologiýalar. Ikinjiden, internetiň (IoT) esasynda turbageçirijileriň monitoring ulgamlary bolup, olar ibermegiň howpsuzlygyny düýpli ýokarlandyrýar. Üçünjiden, «akylly» zawodlaryň standartlary boýunça işleri awtomatlaşdyrmak bolup, ol heläkçilik töwekgelçiliklerini we ulanyş çykdajylaryny azaldýar.

Maglumatlary takyk dolandyrmagyň esasynda gurlan bu tehnologiýalar Türkmenistanyň energetika pudagynyň dünýä boýunça bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup biler.

— Türkmenistana saparyňyzyň dowamynda siz nebitgaz toplumynyň öňdebaryjy kärhanalaryna baryp gördüňiz. Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin siz olaryň önümçilik kuwwatyna nähili baha berýärsiňiz?

— Baryp görmek miýesser eden ýerlerimde — önümçilikleriň gerimleri we desgalarda işi dolandyrmaga ulgamlaýyn çemeleşmeler mende uly täsir galdyrdy. Döwrebaplaşdyrylan zawodlar we ösen infrastruktura siziň ýurduňyzyň dünýäniň energetika döwleti bolup durýandygyny tassyklaýar.

Koreýanyň öňdebaryjy inženerçilik mümkinçilikleri Türkmenistanyň baý serişdeler binýady bilen utgaşdyrylanda örän uly netijeleri gazanmaga ukyplydyr. Üstesine-de biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri diňe uglewodorodlary gazyp almakda däl-de, eýsem, ýokary goşulan bahaly nebithimiýa önümleriniň önümçiliginde, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara bilelikde geçmekde hem çäksizdir.

— Siz Aşgabatda, Türkmenbaşyda we gadymy Merwde bolup gördüňiz. Iş saparyňyzyň dowamynda nähili ýakymly pursatlary başdan geçirdiňiz?

— Bu sapar maňa garaşanymdan has mähirli we çuňňur duýgulary peşgeş berdi. Türkmenistanlylaryň myhmansöýerligi we olaryň koreý medeniýetine bolan gyzyklanmasy meniň üçin has ýakymly açyş boldy. Men muny ähli ýerde duýdum.

Hünär nukdaýnazaryndan, Marynyň müňýyllyk taryhy bilen Türkmenbaşynyň kuwwatly senagat depgininiň arasyndaky sazlaşyk reportažlar üçin ajaýyp maglumat bolup hyzmat etdi. Şeýle hem ýerli koreý milletiniň wekilleri bilen duşuşyklar meni diýseň tolgundyrdy. Olar öz milli aýratynlyklaryny aýawly saklamak bilen, Türkmenistanyň hormatly we işleri rowaç raýatlaryna öwrülipdir.

— Türkmen paýtagty sizde nähili täsir galdyrdy?

— Aşgabat baradaky täsiri iki düşünje bilen beýan edip bolar: «ak mermeriň gözelligi» we «hakyky sazlaşyk». Gök öwüsýän seýilgähleriň gujagynda Günüň şöhlesine ýalpyldaýan ak mermerli binalar tutuş şäher sungatyň bir bitewi eseri bolup durýar diýen duýgyny döredýär.

Giň, örän arassa şaýollary ýurduň durnukly we ynamly ösüşini aýdyň şöhlelendirýär. Paýtagtyň häzirki zaman binagärliginde däbe öwrülen nagyşlar we taryhy äheňler öz beýanyny tapypdyr, bu bolsa oňa özboluşly milli öwüşgin çaýýar. Şäheriň asuda, şol bir wagtda kuwwatly depgini meni diýseň çuňňur ruhlandyrdy we ýakymly täsirleri galdyrdy.

— Seula nähili duýgular bilen dolanýarsyňyz? Watanyňyzda öz okyjylaryňyza ilkinji nobatda näme hakda gürrüň bermekçi?

— Watanyma baranymdan soň, koreý köpçüligine bir möhüm pikiri ýetirmek isleýärin: Türkmenistan bu gün diňe serişdelere baý ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol özi üçin röwşen geljegi nazarlaýan innowasiýalar döwleti bolup durýar.

Men hökman gürrüňdeş bolan adamlarymyň «janly» sesleri bilen paýlaşaryn, ýurduň öz tebigy kuwwatyny sanly ösüş bilen nähili utgaşdyrýanlygy barada gürrüň bererin. Biziň halklarymyzyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda mäkäm dostluk köprüsi bolup hyzmat edýän koreý milletiniň (diasporasynyň) wekilleriniň täsirli taryhy materiallarda aýratyn orun eýelär. Meniň makalalarym Ýewraziýa yklymyny baglanyşdyrýan hyzmatdaşlygymyzyň näderejede çuňňur we geljeginiň uly bolup durýanlygy barada ruhlandyryjy garaýyşlara baý bolar.

— Jenap Son Dо Hýon, mazmunly söhbetdeşlik üçin sag boluň! Size hem-de «Yonhap» agentligine uly döredijilik üstünliklerini we galamyňyzyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris!

— Pursatdan peýdalanyp, siziň redaksiýaňyzyň döredijilik toparyna mähirli kabul edişlik we türkmen myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga ussatlar
16a622cfc5393a.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarow

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarowa belent heňi bilen ömrüniň iň naýbaşy eserini döreden ussatlaryň biri diýip aýtmak bolar.


16a2ea7d6c663e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa

Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa bilen söhbetdeşlik taýýarlamaly diýlende, bu nurana aýdymçy gelin bilen birlikde giden märeke — onuň wepaly muşdaklary-da göz öňüme geldi.


1692d5c2cb70b5.jpeg
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa

Nämüçindir her ýyl güýz paslynda, bary-ýogy 35 ýaşap, halkyň hakydasynda hemişelik orun tutan şygyrlary döreden türkmeniň paýhasly şahyr ogly Gurbannazar Ezizowdan söz açasyň gelip dur.

16909f268d9146.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa

Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?!


16847d03d3f968.jpeg
Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milow

Häzir energetika meseleleri howanyň üýtgemegi bilen üznüksiz bagly bolup durýar. Ol durnukly energetika geçilmegini, arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini talap edýär.