Peýdaly maslahatlar

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

https://www.ussatnews.com/storage/posts/10163/original-167f50c336288c.jpeg

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler. Tibet monahlary henize çenli aýdym aýtmak bilen nerw kesellerini bejerýärler. Gadymy Gresiýada horda aýdym aýtmak bilen ukysyzlygy bejeripdirler. Biziň ata-babalarymyz hem ençeme keselleri aýdym-sazyň kömegi bilen bejerýärler.

Häzirki zaman medisinasyna öňden bäri aýdym aýtmak, esasanam, professional wokal bilen meşgullanmak, adam saglygyna oňaýly täsir edýändigi mälimdir. Aýdym aýtmak – diňe göwnüňi götermek üçin “gural” bolman, saglygyňy hem birnäçe esse gowulandyrýar.

Aýdym aýtmak stressden hem kömek edýär. Alymlar aýdym aýdylýan wagtynda beýnide endorfiniň, ýagny adama özüni şadyýan, rahat duýmaga täsir edýän maddanyň işlenip çykarylýandygyny subut etdiler. Şeýlelikde, aýdymyň kömegi bilen duýgularyň ençeme görnüşini “çagyryp” bolýar. Aýdym aýtmak bilen öýkenleriňi, gan aýlanyşygyňy, hatda ýüzüň reňkini gowylandyryp bolýar. Onuň diksiýa täsiri hem oňaýly, sakawlama ýaly sözleýiş defektini hem düzedip bilýär.

Esasanam, aýdym aýtmak çagalar üçin peýdaly. Adam dogulandan berilen ses, onuň özboluşly saz guraly bolýar. Ses hemişe – adam gygyranda-da, pyşyrdap gürlände-de – wibrirläp durýar. Sesiň wibrasiýasy adam bedenine oňyn täsir edýär. Ol immuniteti stimulirleýär, aýdym aýdýan çaga beýlekilerden (aýdym aýtmaýanlardan) ep-esli az sowuklaýar.

Sesiň wibrasiýasy bütin organizmden geçip, adam bedeniniň öýjüklerini arassalaýar. Adam sesiniň yranmalarynyň ýygylygynyň diapazony ganyň kapillýardaky mikrosirkulýasiýasyny, damarlardaky we arteriýlaranyň gan aýlanyşmasyny gowulandyrýar.

Çekimli sesler nädip kömek edýärkä?

“A” sesi dürli agyrylary aýyrmaga kömek edýär, ýürege we öýkenleriň ýokarky bölegine bejeriş täsiri bar. Ýiti respirator kesellerinde tutuş bedene sagaldyjy täsir edip, dokumalary kislorod bilen baýlaşdyrýar.

“I” – size gözleriň, gulaklaryň we inçe içegäniň bejergilerinde kömek eder. Ol burun boşlugyny arassalaýar we ýürek myşsalarynyň işleýşini stimulirleýär.

“O” – ýokarky we aşaky dem alyş ugurlarynyň kesellerini bejerýär (bronhit, öýken sowuklamasy, traheit, şeýle-de üsgülewük). Şol organlardaky agyryny we spazmalary aýyrýar. Tuberkulýoz keselinde öýkenleriň ýagdaýyny ýeňilleşdirýär.

“U” – dem alyşy türgenleşdirýär, ses perdelerini (siňir damarlary) we bogazy (bokurdagy) bejerýär, böwrekleriň we tutuş garyn boşlugynyň organlarynyň funksiýalaryny kadalaşdyrýar.

“Y” – GBB (gulak, burun, bokurdak) patologiýalaryny bejermäge kömek berýär (dem alyşy gowulandyrýar).

“E” – beýniniň işini has gowulandyrýar.

Käbir çekimsiz sesleriň hem şypa berijilik güýji ylym taýdan subut edilen.

“W”, “M”, “N” – beýniniň işjeňligini gowulandyrýarlar.

“K” – gulaklary bejermekde kömek edýär.

“H” – bedeni ulanylan maddalardan we negatiw energiýadan boşadýar, dem alyşy gowulandyrýar.

“S” – içegeleri bejermekde kömek edýär, ýürek, gan damarlary, içki sekresiýa mäzleri üçin peýdaly.

Sesleriň kombinasiýalarynyň adam bedenine has güýçli bejeriş täsiri bar.

“OM” – gan basyşyň pesemegine kömek edýär. Ol bedeni balansa getirýär, akyly rahatlandyrmak bilen, ýokary gan basyşyň sebäbini aýyrýar.

“UH”, “OH”, “AH” – organizme ulanylan maddalardan we negatiw energetikadan boşamaga kömek berýär.

Bu sesleri ýöne aýtmaly däl, olary aýdym ýaly owazlandyrmaly. Hökmany suratda sesleriň nähili intewsiwlikde aýdylýanyna üns bermeli. Ýürek-damar keselliler maşklary gaty intensiw etmeli däl; garyn boşlugynyň terapiýasy zerur bolsa – tersine, maşklar näçe intensiw edilse, peýdasy köp.

Islendik ýagdaýda-da, adam özünde saz eşidiş ukyby ýok diýip hasaplasa-da, aýdym aýtmak peýdalydyr. Ses bilen öz duýgularyny beýan edip öwrenen adam, stressden halas bolmakdan effektli serişdäni alýar. Aýdym sapaklary akyl taýdan kämilleşmäge we nerw ulgamynyň berkemekligine kömek edýär.

Aknur Nuryýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.