Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan üçin “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi aýratyn ähmiýete eýe
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.
“Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir.
Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin” diýp, döwlet Baştutanynyň metbugatda çap edilen çykyşynda aýdylýar,
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.
Serdar Berdimuhamdow oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär.
Türkmenistan Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany: “Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris” diýip, aýtdy.
“Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmek biziň üçin uly hormatdyr. Şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň ähliňizi «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, döwlet Baştutany sözüni jemledi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.