Peýdaly maslahatlar

Türkmen halky keçäni mukaddes öý goşy hasaplaýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1050/original-16071c078c23e6.jpeg

«El hünäri il gezer» diýlen nakyly döredip, türkmen halky milli senetkärleriň hyzmatyna ýokary baha beripdir. Adam eliniň döreden gözelligi özboluşly milli senetkärleriň sungatynda asyrlardan-asyrlara geçip, dowam edip gelýär. Şeýle senetleriň birem türkmen öýleriniň hemişelik düşegi bolan keçe.

Keçe tüýjümek, üpürjikli bolsa-da, öýüň içini örän ýyly saklaýar, hatda çagalar gyş aýlarynda onuň üstünde aýakýalaňaç gezseler-de sowuklamaýarlar. Geçmişde adamlar keçeleriň üstünde ýatypdyrlar, olaryň has nepis, has ýukataplaryny ýorgan hökmünde ulanypdyrlar. Keçe çopanlary zyýanly mör-möjeklerden, zäherli süýrenijilerden gorapdyr. Çünki keçäniň ýüňden edilmegi, olaryň geçip bilmeýän päsgelçiligine öwrülipdir.

Türkmen halky beýleki senetleri ýaly, keçäni-de mukaddes öý goşy hasaplap, oňa mydama öýüniň töründen orun berýär, gadyrly myhmanyny onuň üstünde oturdýar.

Merdan DURDYMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.