Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň ýeňijileri aşakdaky ugurlar boýunça kesgitlenildi:
Çekilen suratlar boýunça:
1-nji ýer — Abdykerim Begençmyradow
2-nji ýer — Mälikdurdy Ýakubow
3-nji ýer — Gülabat Annaberdiýewa
Ekologiýa taslamasy boýunça:
1-nji ýer — Kýas Taçmuhammedow, Süleýman Esenow
2-nji ýer — Ýana Dobrowanowa, Sevinç Ismailowa
3-nji ýer — Maral Öwezberdiýewa
Galyndylary gaýtadan işlemek boýunça iş:
1-nji ýer — Annagözel Kuliýewa, Ogulşirin Amanmyradowa
2-nji ýer — Medina Berdiklyçewa
3-nji ýer — Aynur, Gülnur we Döwlet Durdiýewler
Munuň ýaly bäsleşikler çagalaryň tebigata bolan hoşniýetli garaýşyny ösdürmäge hem-de olaryň döredijilik başarnyklarynyň ösmegine itergi berýär.
Çagalar üçin baýramçylyk çykyşlary hem-de daşky gurşawy goramak boýunça öwrediji ussatlyk sapagy hem guraldy. Olar galyndylary aýratyn ýygnamagyň we gaýtadan işlemegiň usullary hem-de munuň tebigaty goramakdaky ähmiýeti barada giňişleýin maglumat aldylar.
Dabaraly çärä gatnaşanlar çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we ýurdumyzyň gözel tebigatynyň goralmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.