Habarlar

OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/11346/original-168ea1c9751317.jpeg

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

2025-nji ýylda Türkmenistan möhüm halkara energetika platformalarynyň biriniň — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» maslahatynyň (OGT) 30 ýyllygyny belleýär. Bu şanly forum diňe ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, dünýäniň energetika pudagy üçin möhüm waka bolup, halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýumlaryny çekmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

1995-nji ýylda ilkinji maslahatyň geçirilen wagtyndan bäri Türkmenistan dowamly ýoly geçdi. Bu döwrüň içinde OGT forumy dünýä energetikasyna, ekologiýa babatda innowasiýalara we döwletara hyzmatdaşlygyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin global platforma öwrüldi. 2025-nji ýylda forum tutuş taryhynyň dowamynda iri maslahata öwrülip, oňa 70 ýurduň wekilleriniň 1 müň 200-den gowragynyň, şol sanda dünýäniň energetika bazarynyň esasy hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýubileý maslahata gatnaşyjylaryň sanynyň köp boljaklygy onuň aýratynlyklarynyň birine öwrüler. Wekilleriň hatarynda Özbegistanyň we Azerbaýjanyň energetika ministrleri, «ADNOC», «PETRONAS», «CNPC»,

«TotalEnergies», «Eni» we «BP» ýaly iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bolar. Şeýle hem forumyň işine ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň energetika maýa goýmaga ýöriteleşdirilen wekilleri gatnaşarlar. Munuň özi dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistanyň ornunyň artýandygyny hem-de halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýynyň has ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Forumda täze tehnologiýalara we durnukly ösüşe aýratyn üns berler. 2025-nji ýylda wodorod tehnologiýalary we uglerod tutmalary (CCUS), şeýle hem gaz çykarmak, gazy gaýtadan işlemek hem-de nebithimiýa babatda innowasion çözgütler aýratyn orun eýelär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak we dünýäniň energetika ulgamlarynyň durnukly işlemeginiň möhüm şertine öwrülýän beýleki ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen bagly meselelere serediler.

Olardan başga-da, forumyň çäklerinde BMG bilen bilelikde «Parahatçylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna energiýa» atly dialog geçiriler, ol Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň, onuň jogapkärli önümçilik we energiýa serişdeleriniň eksporty arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge goşandyny aýratyn görkezer.

100-den gowrak diwarlyklary gurşap alýan giň gerimli sergi OGT 2025-iň möhüm bölegine öwrüler. Aziýadan, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan we Amerikadan bolan kompaniýalar ýataklary sanly dolandyrmak tehnologiýalaryndan uglerod tutujy ulgamlara çenli energetika ulgamynda öňdebaryjy çözgütleri bilen tanyşdyrarlar. Bu hem, öz nobatynda, Türkmenistanyň energetikasyna daşary ýurt maýalaryny çekmekde möhüm ädime öwrüler hem-de dünýä boýunça hyzmatdaşlaryň ýurdumyza bildirýän uly ynamynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat eder.

Hyzmatdaşlary seçip almak we duşuşyklary guramak üçin emeli aňy ulanýan B2B-platforma BusinessConnect 2025 forumda täzelikleriň ýene-de biri bolar. Bu işewür gepleşikleriň aňrybaş netijeliligini üpjün eder hem-de şertnamalary baglaşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini çaltlandyrar.

OGT 2025 halkara giňişliginde Türkmenistanyň ornuny berkitmekde möhüm ädim bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň energetika pudagy üçin ähmiýetli pursada öwrüler. Energetika geçmekde tebigy gazyň ornuny tassyklan Gastech forumyndan birnäçe hepde geçenden soň Aşgabat öz ösüşini kesgitleýän energetikanyň we tehnologiýalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky gezek dünýä merkezine öwrüler.

Şeýle hem ýubileý maslahaty durnukly ösüşiň we howanyň üýtgemegine garşy göreşiň möhümdigine ünsi çeker, bu barada forumyň ýöriteleşdirilen mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylar. OGT energetika pudagynda ýylsaýyn möhüm pursada öwrülip, Türkmenistanyň barha artýan abraýyny hem-de innowasiýalara, durnukly ösüşe esaslanan hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýandygyny görkezýär.

OGT 2025 maslahaty möhüm dialogyň 30 ýyllygyny bellemek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň energetika ýyl ýazgysynda täze sahypany açar. Bu forum energiýanyň we innowasiýalaryň durnukly ösüş, hyzmatdaşlyk, global durnuklylyk üçin nähili esas bolup hyzmat edip biljekdigini aýdyň görkezer.

Ussa USSAÝEW,

«NEBIT-GAZ».

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.