Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

https://www.ussatnews.com/storage/posts/11400/original-168f8605fc0ec9.jpeg

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän giň gerimli sergi innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary, täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň iýul aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.

Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgazly ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekip, çalt depginler bilen özleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylmy-tehnologik ösüşiň gazananlaryna daýanmak hem-de öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellemek gerek.

Biz uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine hem aýratyn üns berýäris. Ýakyn geljekde biz uglewodorod serişdelerinden halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän täze toplumlary gurup işe girizmegi, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýäris. Bu işlerde daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň täsirini peseltmek babatda halkara hyzmatdaşlyk giň gerimde dowam etdiriler.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ösýän ykdysadyýeti daşary ýurt işewürlerinde ynamy berkidip, geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge islegleri artdyrýar.

Şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.