Täze sport meýdança döredildi
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň bedenterbiýe boýunça şertlerini gowulandyrmak maksady bilen açyk howada döwrebap maşk edilýän meýdança döredildi. Meýdança häzirki zaman talaplaryna laýyk bolup, onda maşklary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Sport enjamlary hil taýdan berk talaplara laýyklykda saýlanyp, howanyň dürli şertlerinde ulanmaga amatlydyr.
Mundan başga-da, meýdançada agşam wagtlary hem türgenleşik geçirmek üçin ýörite yşyklandyryş ulgamy oturdyldy. Bu sport meýdança ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna we zehinli türgenleriň ýüze çykmagyna uly mümkinçilik berer. Şeýle hem täze meýdançanyň okuw mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini artdyrmaga hem öz goşandyny goşjakdygy görnetindir.
Talyplar üçin döredilen bu amatly şertler, olaryň boş wagtyny sagdyn we peýdaly geçirmeklerine, hyjuwlarynyň ýokarlanmagyna hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleriniň artmagyna hyzmat eder.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.