Habarlar

Türkmenistan parahatçylyk, döredijilik we belent üstünlikler ýylyny garşy aldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/11885/original-1695bace58f3f5.jpeg

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi:

— Gül ömrüň goýnunda seýran edip ýörşüňe, döwrüň-döwürden parhyna has oňat, has içgin düşünýärsiň. Eýsem, Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdar Ogully ajaýyp döwrüň beýleki döwürlerden tapawudy nämede? Adam mertebesini belende götermekde! Adamyň hem adamzadyň ýüregine ýol salyp bilmekde! Her aýdan sözüňe dünýäniň baş atyp, goldamagyny, ylalaşmagyny, ykrar etmegini gazanmagy başarmakda! Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlarynyň gowşurylmagy begenjimi artdyrdy. Bu belent sylag üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz sagbolsunlarymy, alkyşlarymy aýdýaryn.

Ýyllaryň gujagynda erkana guşlaryň şirin owazyndan, asuda asmanyň nurundan, parahat zeminiň mährinden ganyp ine-gana ýaşaýandygymyz nämä degmeýär?!

Taryhyň gatlaryna ser salsaň, ata Watanymyzyň ýyldan-ýyla neneňsi ösüp-özgerýändigine göz ýetirýärsiň hem haýran galýarsyň. Bu bir, tüýs bedew bady diýilýän ahyry. Onda-da Göroglynyň gyraty ýaly ganatly bedew bady! 2026-njy ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegi-de şu ýylymyzyň hem şan-şöhratly ýyllaryň biri boljakdygyna uly ynam döredýär. Nesip bolsa, şu täze ýylda maksatlar myrada, arzuwlar wysala gowşar. Gahryman Arkadagdan, Arkadagly Gahryman Serdar Oguldan sarpaly hem arkaly ýürekden çykýan soňlanmajak owazdyr bu, mähribanlar! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.