Türkmenistan 2026 ýyly ruhubelentlik we täze üstünlikler bilen garşylady
Altyn GOŞAÝEWA, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal toparynyň müdiri:
— Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen ajaýyp zamany geldi. Çar ýanymyz dabara, aýdym-saz, şatlyk-şowhun. Şeýle dabaralarda, şeýle toýlarda hormat hem sarpa goýulýan bagşylaryň hatarynda çykyş etmek, biziňem nesibämizde bardygyna tüýs ýürekden begenýäris. Halkyň bagşysy bolmak uly bagt hem belent borç. Halk ykrar etmese, aýdymlaryňa el çarpmaýar. Biz hem şol belent ynamy ödejek bolup, gije-gündiz täze döredijilik gözlegleriniň ugrunda irginsiz zähmet çekýäris. Biziň çekýän zähmetimize, edýän yhlasymyza döwletimiz tarapyndan üns berilmegi joşgunymyzy artdyrýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym bolsa kalbyma egsilmez ylham bagyşlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biri-birinden manyly hem owadan gelýän ýyllar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşýar. Watanyň waspyny etmek bolsa, sungat işgärleriniň, ýagny biziň paýymyza düşýär.
2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny garşyladyk. Goý, Täze ýylda arzuw-umytlarymyz hasyl bolsun! Ilimiz hemişe agzybir, ýurdumyz abadan bolsun! Halkymyzyň hem adamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, işleri rowaç bolsun! Täze ýylyňyz düşümli bolsun, eziz watandaşlar!
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.