Habarlar

BÄSDEŞLIGE UKYPLY AÝAKGAPLAR

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12230/original-169a45c972c006.jpeg

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümleri dünýäniň, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýaly tikinçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde zähmet çekýän işgärler ol enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler.

«Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň aýakgap önümçiligi bölüminde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň, himiýa senagatynyň, gurluşyk ulgamynyň edara-kärhanalarynyň sargytlary esasynda ýörite işçi aýakgaplary hem köpçülikleýin öndürilýär. Şol önümler daşary döwletlerden getirilýän harytlar bilen bäsleşip bilýän ýokary hilli önümlerdir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda kärhananyň aýakgap önümçiligi bölüminiň işgärleri «Türkmengaz» döwlet konserninden gelip gowşan sargyt esasynda gazçylar üçin kelte gonçly ýörite işçi aýakgaplarynyň uly tapgyryny öndürmeklige girişdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki «Maksat-deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gön önümleri aýakgaplary öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä ölçegleriniň derejesine laýyk şol gön önümleri tikilýän aýakgaplaryň ýokary hilli, aýaga ýakymly, rahat bolmagyny şertlendirýär. Tikin önümçiligi bölüminiň tikinçileri we beýleki işgärleri eýýäm gazçylar üçin işçi aýakgaplarynyň on müň jübütini tikip taýýar etdiler.

«Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri önümçilige giň gerim bermek bilen, konserniň sargydy esasynda işçi aýakgaplarynyň ýene-de ýigrimi müň jübütini öndürmekligi aýdyň maksat edinýärler.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.