Habarlar

Enedir dünýäniň mähir baýlygy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12261/original-169aaed547a638.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Enedir dünýäniň mähir baýlygy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Nebitgaz toplumynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň, görüm-göreldämiz bolan kümüş saçly ene-mamalarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Medeni-işewürlik merkeziniň, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň wäşileriniň çykyşlaryna tomaşa edildi. Mähriban enelere, zähmetde tapawutlanýan gelin-gyzlara sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzda geçirilýän medeni we syýasy çärelere gatnaşyp, Watanymyzyň ösmegine, özgermegine öz goşantlaryny goşýan edara-kärhanalaryň gelin-gyzlarynyň gutlag çykyşlarynda bahar, eziz Diýar, söýgi, ene mukaddesligi barada giňden gürrüň edildi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.