Habarlar

ZENAN GAÝRATYNY GÖRKEZEN MEŞHUR ATLY ÝÖRIŞLER

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12265/original-169aaf9ba5ef32.jpeg

Geçen asyrda oba we halk hojalygynda yhlasly zähmet çeken türkmen gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda atly ýörişleriň birnäçesi geçirilip, olar taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň ilkinjisi 1936-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň VII gurultaýyna bagyşlanyp geçirilipdir. Oňa Lebap welaýatynyň Çärjew (Türkmenabat) we Farap etraplarynyň daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän 18 — 23 ýaş aralygyndaky öňdebaryjy gelin-gyzlaryň 22-si gatnaşypdyr. Farap — Aşgabat ugry boýunça geçirilen atly toparyň düzüminde Gejek Bekiýewa, Ogulnur Hekimowa, Ýagşygül Hemraýewa, Göwher Çaryýewa, Mamagül Mürzäýewa, Dursuntäç Gutlyýewa, Hümmetgül Möminowa, Sähragül Şaýmerdanowa, Nowruzgül Myradowa, Ýyldyz Jumanyýazowa, Senem Ýaňybaýewa, Gülendam Möminowa, Sadap Baltaýewa, Dürli Gutlyýewa ýaly oba zenanlary ýolbeletligiň, yzçylygyň, atlara ideg etmegiň nusgasyny görkezipdirler. Bu topara W.I.Winogradow, M.Bunýatow ýaly raýatlar ýolbaşçylyk edipdir. 1936-njy ýylyň 2 — 14-nji fewraly aralygynda geçirilen bu atly ýöriş arkaly zenanlar 587 kilometr (onuň 222 kilometri Garagum sährasy) menzili üstünlikli geçipdirler. Bu taryhy ýörişiň durmuş wakalaryndaky täsinlikleri, gyzykly pursatlary, özüneçekiji tebigy gözellikleri G.Matusow metbugatda habar berip durupdyr.

1936-njy ýylyň 12 — 14-nji fewraly aralygynda zenanlaryň atly ýörişiniň ikinji we üçünji tapgyrlary Kaka — Aşgabat we Garrygala — Aşgabat ugurlary boýunça geçirilipdir. Kaka — Aşgabat ugry boýunça zenanlaryň atly ýörişine 20 sany gelin-gyz, Garrygala — Aşgabat ugry boýunça atly ýörişe 7 sany gelin-gyz gatnaşypdyr. Bu atly ýörişleriň toparlaryna A.Mihaýlow, A.Kulyýew, B.Garaýewa, T.Daryýewa ýaly raýatlar ýolbaşçylyk edipdirler. Zenanlaryň atly ýörişiniň bu tapgyrlarynda Ogultäç Garaýewa, Tagangül Mawyýewa, Ogulgerek Hyrryýewa, Sapargül Orazmämmedowa, Dessegül Berdiýewa, Ogulşeker Kadyrowa ýaly zenanlar batyrgaýlyk, yhlaslylyk, ugurtapyjylyk ukyplary boýunça aýratyn tapawutlanypdyrlar. Kynçylyklary ýeňip geçmegiň hem-de ýyndam bedewleri çapmagyň we olara ezberlik bilen erk etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen zenanlaryň atly ýörişlerine gatnaşyjylaryň ählisine paýtagtymyzyň demir ýol menziliniň öňündäki meýdançada 1936-njy ýylyň 15-nji fewralynda döwlet sylaglary, gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylypdyr, aýdym-sazly şowhunly çykyşlar guralypdyr.

Türkmen aýal-gyzlarynyň atly ýörişiniň dördünji tapgyry 1936-njy ýylyň 10-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda Kerki — Aşgabat ugry boýunça geçirilipdir. Kerki etrabynyň zähmetkeş zenanlarynyň 20 günde 800 kilometr aralygy üstünlikli geçmegi taryhda zenan zähmetiniň zarpçylary hökmünde taryplanyp, dünýäniň atşynaslyk sungatynda agzybirligiň, dostlugyň, gözelligiň ykrarnamasyna öwrüldi. Metbugat sahypalarynda atly ýörişiň ähli tapgyrlaryna gatnaşan, döwürlere ýaň salan türkmen zenanlarynyň hünär ussatlyklary, seýisçilik, çapyksuwarlyk sungatyndaky üstünlikleri mähriň, söýginiň, belent maksatlaryň, wepalylygyň, kämilligiň, gaýduwsyzlygyň, dogumlylygyň mertebe mekdebi bolup dabaralandy.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.