Habarlar

Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12587/original-169e87aaf1becb.jpeg

Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi. Munuň özi hemmelerde begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Dünýä ülňülerine laýyk gurlan bu täze, döwrebap ýoluň ulanylmaga berilmegi ýükleriň gysga wagtda, köp mukdarda daşalmagyna, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezini Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyryp, ýolagçy gatnawlarynyň ýokary hilli guralmagyna uly täsirini ýetirer.

Halkara ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary tizlikli ýoluň Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda ähli amatlyklary bolan döwrebap hyzmat ediş binalarynyň ençemesi, şol sanda awtoulaglara ýangyç guýujy beketler hem işe girizilip, ilata hyzmat edip başlady.

Bu gün sürüjiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýoluň 485-nji kilometrliginde ýerleşýän 247-nji hem-de 248-nji awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriniň işgärleriniň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän bu beketler «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň buýurmasy esasynda onuň Hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilipdir. Müdirligiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasyna degişli bu beketleriň dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary tehnologiýaly ýangyç guýujy we beýleki enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy sürüjilere bökdençsiz hem ýokary hilli hyzmat etmeklige mümkinçilik berýär. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketlerde sürüjiler öz awtoulag serişdelerine benziniň A-95, A-92, A-80, EKO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Beketleriň her birinde göwrümi altmyş tonna ýangyjy saklamaga mümkinçilik berýän metal çanlaryň bäşisiniň bolmagy ýangyjyň ätiýaçlyk möçberini saklamaklyga şert döredýär. Bu ýerde ýangyna garşy göreş çärelerini doly we dogry berjaý etmek üçin bildirilýän talaplara laýyk enjamlar ýerleşdirilipdir. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň her birinde gije-gündizde bir müň awtoulaga hyzmat edilýär.

Beketlerde zähmet çekýän operatorlar üçin ýörite jaýlar gurlup, olarda işlemek hem dynç almak üçin oňat iş şertleriniň döredilendigini, bu hyzmat ediş nokatlarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallarynyň oturdylandygyny hem aýtmak gerek.

Şu ýokary tizlikli halkara awtomobil ýoluny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.