Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäre Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň birinji bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory B. Ilamanowyň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi A. Garlyýewiň, Polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi S. Baýramowyň, Türkmenabat kazyýetiniň maslahatçysy K. Joraýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudakara utgaşdyryjysy G. Durdyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni G. Çaryýewanyň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Maslahaty Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktorynyň orunbasary Agajan Genjimow alyp bardy.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň ylymly-bilimli, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegine berýän uly ünsleri barada bellediler. Şeýle-de ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň dürli nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän täsirleri baradaky düşünjelerini giňeltmek hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak barada gürrüň edildi.
Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmegiň ähmiýetini hem aýratyn nygtadylar. Mundan başga-da ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, şeýle hem ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren halallyk, ruhubelentlik, päk ýürelilik, zähmetsöýerlik ýaly ýokary ahlak häsiýetlerini ýaşlaryň kalbynda terbiýelemegiň möhümdigi barada bellenip geçildi.
Aziza Seýitkulyýewa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.