Peýdaly maslahatlar

Alma

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1235/original-160a6740e3389d.jpeg

Almany köpräk iýmeklik maslahat berilýär. Onuň düzümindäki kaliý duzy ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar. Köpler alma iýenlerinde daşyny arassalap iýýärler. Almanyň gabygynda pektin köp, bu bolsa içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar. Almany dişläp iýseň, diş etini pugtalandyrýar. Alma çigidiniň 4-5 sanysyny iýseň, bedeniň ýoda bolan talaby günüň dowamynda gerekli mukdary bilen üpjün edilýär.

Bedeniniň C witamine talap edijiligini ödemek üçin günüň dowamynda 2 almany iýmeklik ýeterlik. Almany näçe iýseň-de zyýany ýok, alma adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzüminde adam bedeni üçin gerekli bolan witamin С, P hem-de kaliý duzy, demir örän kändir.

Eger-de almany dişläp birsalym goýsaň, dişlenen ýeri garalýar, munuň sebäbi-de almanyň düzüminde demriň agdyklyk edýändigini görkezýär. Ol ganyň düzümindäki gemoglobiniň döreýiş, kemala geliş hadysalaryny tizleşdirýär.

Döwran PYHYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.