Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan geçirilen maslahata degişli pudagyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň başlygy Allamyrat Sähetmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maliýe we ykdysady bölüminiň hünärmeni Amangeldi Annaberdiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Gurbanmyrat Hojamgulyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maýagözel Berdiýewa dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan ýokary netijelerde, eýelenýän beýik sepgitlerde jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda KA-nyň agzalarynyň goşandy uludyr. Olar önümçiliklerde göreldeli zähmet çekmek bilen birlikde jemgyýetçilik işlerinde hem işjeňlik görkezýärler.
Okuw maslahatynda KA-nyň işini kämilleşdirmek bilen bagly pikirler diňlenildi, teklipler aýdyldy, işleri talabalaýyk berjaý edip, dogry guramak barada maslahatlar berildi we sorag-jogap alşyldy.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.