Habarlar

YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12410/original-169c554155d778.jpeg

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saz ylmynyň esasy ösüş ugulary” diýlip atlandyrylan aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahaty örän täsirli boldy. Aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlarynyň ylmy taraplary birnäçe temalarda beýan edildi.

Ylmy-usuly maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R. Amangeldiýewiň giriş sözi bilen başlandy. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ösmegi üçin ylmy garaýyşlara aýratyn ähmiýet berilýändigi, ylmy gözlegleriň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygy barada aýtdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hemme mümkinçilikleriň döredilip berilmeginiň esasy şert bolup durýandygyny belledi.

Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, konserwatoriýanyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç. Jumaýewiň temasy “Türkmen saz sungatynda taryh we taryhyň çeper beýany” diýlip atlandyryldy. Milli saz sungatymyzyň taryhy aýratynlygy bagşy-sazandalaryň döredijiliklerinde hem ýerine ýetirijiliklerinde özboluşly tapawutlanmagy öňde goýlan meseläniň düýp mazmuny bolup durýar. Ç. Jumaýewiň ylmy garaýyşlary bilen öz çözgüdini tapan pikirler uly gyzyklanma eýe boldy. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Konserwatoriýanyň Halk saz gurallary kafedrasynyň dosenti M. Gapurow “W. A. Uspenskiý we W. M. Belýaýew” diýlip atlandyrylan temasy boýunça çykyşy milli aýdym-saz sungatymyzy ilkinjiler bolup giňişleýin öwrenen alymlar dogrusynda boldy. W. A. Uspenskiniň geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda ýurdumyz boýunça geçiren sazly-etnografik ekspedisiýalarynyň dowamynda toplan gymmatly maglumatlary W. M. Belýaýew tarapyndan düýpli ylmy esasda öwrenildi. Olaryň alyp baran ylmy gözlegleriniň aýratynlyklary häzirki günlerde hem özboluşly garaýyşlar hökmünde ylmy çemeleşmelere maglumat hökmünde ýakyndan ýardam berýär.

Konserwatoriýanyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K. Ýowbasarow “Görogly” şa dessanynda bedew waspy” barada çykyş etdi. Zehinli bagşynyň ýerine ýetirijilik sungatynyň ylmy çykyş bilen utgaşyp gitmegi örän täsirli boldy. Ýokary okuw mekdebiniň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, uly mugallym K. Garowowyň çykyşy “Türkmen kompozitorlarynyň simfoniýalarynyň dramaturgiýa aýratynlygyna” bagyşlanypdyr. K. Garowow kompozitor hökmünde simfoniki žanrynyň dramaturgiýasyny öwrenmek bilen, özüniň çykyşynda bu uly göwrümli saz eserleriniň many-mazmun aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary aýtdy.

Ylmy-usuly maslahatda diňe bir konserwatoriýanyň aspirantlary, dalaşgärleri, doktorantlary däl-de, eýsem, birnäçe myhmanlar hem çykyş etdiler. Ýagny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty T. Öweznepesowa “Orta asyr şäherleri baradaky ylmy garaýyşlar” atly tema boýunça, ýene-de şol institutyň aspiranty A. Durdygylyjowanyň “Seýilgähleriň öwrenilmeginiň ähmiýeti” tema boýunça çykyşlary diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Dürli döwürleriň, taryhy gymmatlyklaryň ylmy esasda öwreniliş ýagdaýy täsirli çykyşlarda beýan edildi.

Şeýle hem ylmy-usuly maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ş. Annaglyjowa “Saz ylmynyň häzirki zaman ösüş ugurlary”, konserwatoriýanyň aspirantura dalaşgäri J. Orazowa “M. Annamyradowyň “Oguzlaryň oýunda” simfonik poemasynyň gurluş aýratynlyklary we dramaturgiki ösüşi” temalar boýunça çykyş etdiler.

Geçirilen ylmy-usuly maslahat çykyş edilen temalaryň dürliligi, köp görnüşliligi bilen tapawutlandy. Maslahatda diňe bir saz ylmynyň däl-de, onda çykyş eden myhmanlar tarapyndan beýleki ugurlaryň hem ylmy gazananlary barada beýan eden çykyşlary gyzykly bolup, maslahata gatnaşýan talyplardyr mugallymlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ylmy ösüşleriň özara pikir alyşmalar bilen giňden wagyz edilmegi, olaryň berkidilmegi hem geljekki belentliklerine ýollaryň açylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

R. Muhammedow,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.