Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
Taryhdan hem belli bolşy ýaly, Nusaý galasy b.e.oňki III asyrda Parfiýa
dowletinin ilkinji paytagty bolupdyr. Gezelenjin dowamynda talyplar sol Parfiya
döwletinin maddy medeniýetini we sungatyny özünin arheologiýa gatlaklarynda saklayan Nusaý galasy bilen yakyndan tanyşdylar.
Bu ýer diňe bir türkmen syyahatçylaryň gelim-gidimli ýeri bolman, eýsem, daşary yurtly arheoloklar we syhaçylar taryhy galany görmäge hem-de öwrenmäge gelýärler. Bu bolsa türkmen halkynyň dünyä derejesinde öwrenilýăn gadymy taryhynyň bardygyny aňladýar.
Bu günki gadymy Nusaý galasyna guralan gezelenç talyplarda milli medeniýetimize, mirasymyza, şöhratly taryhymyza bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy.
Gezelenje gatnaşan professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bu medeni çarăniň çăklerinde şular ýaly taryhy ýadygärliklerimize syyahat etmäge, öwrenmäge, ösdürmäge we dünýă ýaymaga döredip beryän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
AÇILOW Mekan,
Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniñ talyby.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.