“Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu döredijilik bäsleşigi şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Ak mermerli paýtagtymyz baradaky fotosuratlar, wideoşekiller hem-de makalalar tele we radioýaýlymlarda, internet saýtlarynda ýerleşdirildi, olary ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden çap etmek boýunça işler alnyp baryldy.
“Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň maslahatlar zalynda aýdym-sazlar ýaňlanyp, dabaraly ýagdaý emele geldi.
Eminler bäsleşigiň ýeňijileriniň bäşisini kesgitledi. Aşgabadyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän iň oňat makalalar tapgyrynda Döwlet, hukuk we demokratik institutynyň ylmy işgäri A.Işbaýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň energetikleriň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy J.Garajaýew, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy A.Orazow ýeňiji boldular. Ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän iň oňat goşgular tapgyrynda Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň hünärmeni A.Rejebow ýeňiji boldy, häzirki zaman şäheri we onuň taryhyny beýan edýän iň oňat fotosuratlar hökmünde “Aşgabat” gazetiniň fotohabarçysy A.Müllikowyň işleri saýlanyp alyndy.
Ýeňijileriň nygtaýşy ýaly, olaryň işleri diňe bir belent hormat hem-de jogapkärçilik bolman, eýsem, sungatyň we döredijiligiň birleşdiriji güýjüniň ýene-de bir subutnamasydyr.
Bäsleşigiň ýeňijileri ähli güýjüňi sarp edip, döredijilikli işlemäge hemme şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öz güýçlerini, bilimlerini, tejribesini, ussatlygyny we ylhamlaryny mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.