Habarlar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda üç aýyň jemlerine garaldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12470/original-169d0f603788b4.jpeg

4-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, onuň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi milli ýangyç-energetika pudagyny täze derejä çykarýan busandyryjy wakadyr.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly ulgamy giňişleýin ulanmak boýunça işleriň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça giňişleýin bellenildi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, golaýda geçiriljek «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: Gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.