Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde“Aşgabat-sitiniň” düýbi tutuldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina ediljek ägirt uly, täzeçil mega-taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar.
Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.
Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
Täze dörediljek şäherde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.
Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda bu ýerde «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan tutuş döwrebap şäher peýda bolar. Bu işleri amala aşyrmaga ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmek zerurdyr diýip Hormatly Prezidentimiz belledi. Ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin kämil bilim ulgamy döredildi. Şu mümkinçiligi giňden ulanyp hem-de ösdürip, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçil tekliplerini yzygiderli höweslendirip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde “Aşgabat-sitiniň” taslamasy amala aşyrylyp, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş toplumy emele geler. Onuň gurluşygynda we bezeg işlerinde dünýäniň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrmagynda biziň hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň talyplarynyň öz goşandyny goşakdygy bizi buýsandyrýar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.