Injiriň düzüminde antibakterial maddalar ýüze çykaryldy

Rus alymlary injiriň himiki düzümini seljerdiler. Netijede onda antibakterial häsiýetlere eýe bolan we antibiotikleriň ornuny tutup bilýän fisiniň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi.
Fisiniň injir agajyndan, esasanam, onuň lateksinden (kauçuk alynýan ösümlikleriň süýde meňzeş suwy, şiresi) alnyp bilinjekdigi habar berildi. Injiriň dermanlyk aýratynlyklaryny Woronež we Kazan döwlet uniwersitetleriniň, şeýle hem Sankt-Peterburgyň elektrotehniki uniwersitetiniň alymlary öwrendiler.
Fisiniň aýratynlyklary eýýäm syçanlarda mazlaryň düzüminde synag edilip görüldi. Netijede ol ýaralary, stafilokok bakteriýalaryny we ýazwany bejermekde netijeliligini subut etdi. Görnüşi ýaly, maza fisiniň goşulmagy bejeriş prosesini bir ýarym esse çaltlaşdyrdy.
Begenç Baýramow,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.