Professor Nurýagdy SUWHANOW

13:26 31.05.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1290/original-160cf48ea3edac.jpeg

Ussatnews.com elektpon gazetiniň redaksiýasynyň nobatdaky myhmanynyň ady Türkmenistanda giňden tanalýar. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, ençeme döwlet sylaglarynyň eýesi, professor Nurýagdy SUWHANOW. Nurýagdy Suwhanow ene-atasyndan ir jyda düşüpdir, muňa garamazdan, ol mekdepden soň özbaşdak durmuşa gadam basyp, bilimlere bolan ägirt uly höwesi bilen uly sepgitlere ýetdi.

Ýurdumyzyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, syýasatşynas Nurýagdy SUWHANOW bilen söhbetdeşligimiz ýola goýlan däbe görä çaý başynda boldy.

— Nurýagdy Suwhanowiç, siz agyr çagalyk ýyllaryny başdan geçirdiňiz...

— Hawa. Meniň çagalyk döwrüm uruş ýyllaryna we ýeňil bolmadyk uruşdan soňky ýyllara gabat geldi. Men 1940-njy ýylyň 27-nji martynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynda mugallymyň maşgalasynda eneden boldum. Kakam uruşda wepat boldy, kän wagt geçmän ejem hem ýaraman aradan çykdy. Şeýdip men babamyň elinde galdym.

- Siziň külpetli çagalygyňyz we häzirki hünär üstünligiňiz köpler üçin nusga bolup, durmuşda tutanýerli zähmet çekilmegi hem-de uly islegiň bolmagy netijesinde öňde goýan maksatlaryňa hemişe ýetip bolýandygyny aýdyň görkezýär.

- Meniň çagalykdan bilime bolan höwesim uly boldy. Oba kitaphanasyndan häli-şindi kitap alyp, mal bakamda, odun çöplämde ýa-da mallar üçin gyşlyk iým taýýarlamda olary okaýardym, gijelerine nebit çyranyň ýagtysyna hem wakaly kitaplary okamagy halaýardym. Soňra ylmy-köpçülikleýin we filosofiýa işleri bilen gyzyklandym. Häzir hem oňat görýän zadym — okamak. Bu höwes maňa 1956-njy ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlamaga, soňra özbaşdak durmuşyň külpetlerini ýeňip geçmäge ýardam etdi.

— Diýmek, siz eýýäm 16 ýaşyňyzda özbaşdak durmuşa gadam basypsyňyz...

— Hawa, men Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetine okuwa girmek üçin Aşgabada gitdim, emma emma bar bolan bilimime garamazdan, trahoma keselim zerarly okuwa girip bilmedim. Şol sebäpli, ýokary bilim almak üçin men uzak hem-de agyr ýol geçmeli boldum.

Öýe dolanmak islemeýärdim, şonuň üçin Aşgabatda iş gözlemeli boldum. Babam ilkibaşda kynçylyk çekýänimi bilip, öz uly bolmadyk pensiýasyndan maňa pul ugradýardy. Ine-de, bir gün men synpdaşyma gabat geldim, ol maňa kinomehanik bolup, işe ýerleşmegi maslahat berdi. Işe girmek üçin söhbetdeşlige baranymda, kinoteatryň ýolbaşçysy maňa fizika we matematika bilen bagly birnäçe sowal beripdi hem-de obaly sada oglanyň jogaplaryna haýran galany ýadyma düşýär. Ol maňa seredip: «Kabul edýäris, şeýle işgärler bize gerek» diýipdi. Bu duşuşyk meniň durmuşymy üýtgetdi, ol maňa öz güýjüme bil baglamagyma, geljegime ynam bilen seretmegime mümkinçilik berdi.

Bu ýerde diňe gazanç etmek däl-de, eýsem, Aşgabadyň kinomehanikler mekdebinde bilim almak mümkinçiligine hem eýe bolupdym. Tiz wagtdan meni Gazagystanyň Almaty şäherindäki kinotehnikuma ugratdylar. Bu okuwy 1960-njy ýyllarda üstünlikli tamamlap, goşun gullugyna çagyryldym. Harby bölümde ukybymyň bardygy mälim bolup, maňa syýasy sapaklary geçirmegi tabşyrdylar. Harby gullukdan soň, ýokary okuw mekdebine ýollanma berdiler. Şeýdip, 1963-nji ýylda Türkmen politehniki institutyna okuwa girdim. Ony inžener-elektromehanik hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamladym, meni bu ýerde mugallym edip alyp galdylar.

— Nurýagdy Suwhanowiç, diýmek, siz uzak ýol geçip, öňde goýan maksadyňyza ýetipsiňiz.

— Hawa, birneme soň, 1969-njy ýylda men institutyň partiýa komitetiniň sekretarlygyna saýlandym, 1974-nji ýylda bolsa TKP-niň Aşgabat komitetiniň ylym we bilim bölüminiň müdiri wezipesine bellenildim. 1975-1978-nji ýyllarda Moskwada Jemgyýetçilik ylymlary Akademiýasynyň diňleýjisi bolup okadym. Hut şonda men ilkinji gezek ýurdumyza, jemgyýetimize peýdaly bolup biljekdigimi duýdum. Akademiýany üstünlikli tamamlap, dissertasiýany goranymdan soň maňa taryh ylymlarynyň kandidaty ylmy derejesi berildi.

- Obaly sada oglanyň zähmet ýoly ýokary galyp ugradymy?

Ýok. Käbir sebäplere görä meniň zähmet ýolumda uly arakesme bolup geçdi. Emma, ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Moskwada Jemgyýetçilik ylymlary Akademiýasyny tamamlanymdan soň, men Türkmen politehniki institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynda işlemegimi dowam etdim. 1988-nji ýylda maňa dosent ylmy derejesi berildi.

— Nurýagdy Suwhanowiç, siz bilen duşuşmazdan öň, siziň durmuş we zähmet ýoluňyz bilen tanyşdym hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler başlananda aýratyn uly üstünligi gazanandygyňyza göz ýetirdim.

— Hawa, şeýle. Şol ýyllar men eýýäm Türkmen politehniki institutynda işleýärdim, 2012-nji ýylyň iýulyndan Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda, 2013-nji ýylyň awgustyndan häzire çenli bolsa institutyň binýadynda döredilen Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dosent, kafedra müdiri wezipelerinde işleýärin. 2015-nji ýylyň oktýabrynda maňa professor alymlyk derejesi berildi. Şondan bäri men uniwersitetiň professory we kafedra müdiri bolup işleýärin.

Şol ýyllarda men birnäçe döwlet sylaglaryna hem mynasyp boldum. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza beýik işlerini wagyz-nesihat etmekdäki, ýaş hünärmenleri taýýarlamakdaky uly bolmadyk zähmetime beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimi beýan etmek isleýärin. Döwlet Baştutanymyzyň berýän ünsi işime we döredijiligime bolan höwesimi has-da artdyrýar, bu bolsa, meniň 200-e golaý ylmy, ylmy-köpçülikleýin makalalaryň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň awtory bolmaklygyma ýardam berdi.

- Siziň ylmy işiňiňizde haýsy tema agdyklyk edýär?

- Meniň ylmy işlerim senagatly jemgyýeti kemala getirmek we ösdürmek, aýratyn-da, inžener-tehniki bilim, onuň bu işde eýeleýän orny baradaky meseleler bilen baglydyr. Häzir ýurdumyzda öz işini bilýän we söýýän, bazar gurallaryny netijeli ulanyp bilýän, meselelere düşünýän we olary çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýän ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Paýhasly, döredijilikli oýlanýan, Watanymyza päk ýürekden gulluk edýän ýaşlaryň hatarynyň artmagyny isleýärin.

— Nurýagdy Suwhanowiç, durmuş tejribäňiziň belentliginden garanyňyzda, size ýurdumyzyň geljegi nähili görünýär?

— Durmuş-ykdysady ösüşiniň batly gadamlaryny görkezýän ýurdumyza uly geljegiň garaşýandygyny ynam bilen aýdyp biljek. Biziň ägirt uly tebigy baýlyklarymyz, baý medeni mirasymyz, zehinli halkymyz bar. Syýasatda täze ýagdaýlaryň hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däpleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy biziň öňe tarap ynamly gadamlarymyzyň beýany bolup durýar.

Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan transmilli gaz geçirijileri gurmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän dürli nebit we gazhimiýa önümlerini çykarýan, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Mysal hökmünde Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, şeýle hem Ahal welaýatyndaky dünýäde ilkinji tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ЕСО-93 sintetik benzini öndürilýär zawody görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzyň tehnologik ösüşiň täze derejesine çykandygyny aňladýar, ol ülkämizde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň nusgalyk häsiýetini tassyklaýar.

Häzir ýurdumyz “mawy ýangyjyny” Hytaý Halk Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna ugradýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetleriniň ösmegine oňyn täsirini ýetirer.

— Nurýagdy Suwhanowiç, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

Ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga makalalar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.