Habarlar

Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12930/original-16a28f7c330448.jpeg

Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.

Annagül Gurdowa 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. Ol çagalyk ýyllaryndan aýdym-saza gyzyklanma bildirdi, heniz üç ýaşyndaka aýdym aýdyp başlady we bäş ýaşynda radio gepleşiklerine hem-de çagalar programmalaryna gatnaşdy. Mekdep ýyllarynda ol öz aýdymçylyk ukybyny işjeň ösdürdi, meşhur şahyrlar we kompozitorlar bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Türkmen estradasynyň rowaýata öwrülen ýyldyzy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlap, uzak ýyllar mugallym bolup işledi, emma aýdym-saz onuň durmuşynyň esasy ugry bolmagynda galdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde işleýär.

Milli sungaty ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Annagül Gurdowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» (1983) we «Türkmenistanyň halk artisti» (1994) diýen hormatly atlara mynasyp boldy, şeýle hem 2023-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Bütin ömrüni sungata baglan meşhur aýdynmçy döredijilikli zähmet ýolunda tanymal türkmen kompozitorlarynyň sazlaryna we görnükli şahyrlaryň goşgularyna köp sanly eserleri ýerine ýetirdi. Onuň repertuarynda çagalar we ulular üçin niýetlenen aýdymlar köp, olaryň köpüsi diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Annagül Gurdowa döredijilik işini işjeň dowam etdirýär, täze aýdymlaryň üstünde işleýär we ýurduň medeni durmuşynyň ösmegine öz goşandyny goşýar.

Başga habarlar
16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.


16aa3eddae9693.jpeg
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.

16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.