«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Son Do Hýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Žurnalist türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň geljegi barada materiallary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza geldi.
Saparyň çäklerinde «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Ol söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi.
Interwýudan soň Son Do Hýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşdy.
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem uly goşant goşdy. «LG International Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nebiti gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologik desgalar ulanmaga berildi.
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir üstünlikli mysaly hökmünde Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurulmagy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar esasynda polietilen we polipropilen önümçiligi ýola goýuldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin döwrebap okuw binasy guruldy. Bu ýerde okuw otaglarynyň we barlaghanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi isleg bildirilýän inžener-tehniki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de täze özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boljakdygy nygtaldy.
Döwrüň ruhuna mynasyp seslenýän neşir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ýokary ösüşlerini, durmuşa geçirilen we alnyp barylýan iri taslamalary, ekologiýa meselelerini, halkara we döwlet derejesindäki forumlary, işewürlik duşuşyklaryny we beýleki dürli ugurlaryň möhüm materiallaryny, täzeliklerini hem habarlaryny dessin beýan edip köpçülige ýetirmekde milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti bimöçber uludyr.
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi
Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.