Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanyp, edermen nebitçilerimiz, gazçylarymyz, geologlarymyz gijesini gündiz edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyny täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Türkmen gazçylarynyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ýylan» gaz känindäki 04 belgili baha beriş-ulanyş guýusynda 2 müň 916 metr çuňlukda gazuw işlerini geçirip,
2 müň 860 — 2 müň 858 metr aralygyndan bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli täze gaz akymyny almagy hem muňa şaýatlyk edýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijeleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge mynasyp goşant goşar.
Täze açylan guýynyň aýratynlygy onuň önüminiň ýokary hilli we arassa bolmagydyr. Bu ýerden çykýan tebigy gazyň düzüminde kükürdiň ýokdugy bellärliklidir. Bu bolsa gaz akymynyň ekologik taýdan arassalygyny we senagat taýdan ýokary gymmata eýedigini görkezýär.
Täze senagat ähmiýetli tebigy gaz akymynyň alynmagy ýatagy mundan beýläk hem giň gerimde özleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döretmek bilen, Türkmenistanyň gaz senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrar we içerki sarp edijileri durnukly üpjün eder.
Soňky ýyllarda «Ýylan» gaz käni «Türkmengaz» döwlet konserniniň üns merkezinde saklanýan möhüm ýataklaryň hataryna girdi. Onuň geografik taýdan Mary welaýatyndaky beýleki uly gaz känlerine, aýratyn hem dünýä derejeli «Galkynyş» känine golaý ýerleşmegi taýýar gaz-ulag infrastrukturasyna aňsat goşulmagyna amatly şertleri döredýär. Bu känden alnan tebigy gaz geljekde içerki sarp edijilere we halkara gaz geçirijilerine goşmaça ygtybarly çeşme hökmünde öz goşandyny goşar.
Häzirki wagtda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary «Ýylan» gaz käninde buraw işlerini guramaçylykly dowam edýärler. Zähmetsöýer gazçylarymyz tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan tabşyryklaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.