Gawun saglygyň girewi

23:49 08.06.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1332/original-160bfbbb0d890d.png

Tomus aýlarynyň aýrylmaz miwelerinden biri bolan gawun, az kaloriýaly bolmagy sebäpli horlanmak isleýänler üçin peýdaly miwedir, şeýle hem gan basyşyny peseltmek, myşsalaryň agyrysyny azaltmak, immuniteti güýçlendirmek ýaly saglyga peýdalary köpdür. Göz, ýürek-damar saglygyny goramak hem muňa degişlidir.

Indi gawunyň peýdasy näme? Gawun näme üçin peýdaly? Geliň bilelikde öwreneliň.

Natriý, kaliý, magniý we demir ýaly gawun witaminleriň we minerallaryň ammarydyr. Gawun hem garpyz ýaly suwy köp bolan özboluşly tagamy bilen dürli saglyk meseleleri üçin peýdalydyr. Onda, gawunyň peýdasy näme? Gawun näme üçin peýdaly? Esasy bilmeli zatlaryňyzy size taýýarladyk.

Gawunyň adam saglygy taýdan käbir peýdalary aşakdakylar:

- Baý C witamini bilen immunitet ulgamyny güýçlendirýär.

- ýürek-damar saglygyny goraýar we ýürek agyry howpuny azaldýar.

- düwnük keseliniň döremeginiň we ösmeginiň öňüni alýar.

- gan basyşyny peseltmäge kömek edýär.

- ýürekdäki ritm bozulmalarynyň öňüni alýar.

- gözüň saglygyny goramak üçin beta-karotin we A witamini bar.

- madda çalyşygyny çaltlaşdyrmak arkaly ýagyň ýanmagyny goldaýar.

- immun ulgamyny berkitmäge kömek edýär.

- derini ýalpyldadýar we sagdyn görünýär.

- çilim çekýänlere bu endiklerden ýüz öwürmäge kömek edýär.

- karotenoidiň köp bolmagy rak keseliniň öňüni alyp, öýken rak keselini azaldyp biler.

- onuň käbir aýratynlyklary böwrek keselini bejermekde kömek edýär.

- bedeniň energiýasyny ýokarlandyrýar.

Bulardan başga-da gawunyň düzümindäki A, B we C witaminleri garramagyň hem öňüni alýar.

Taýýarlan: Gülnabat SAPAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Başga makalalar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.