Turkmenistanda nebit-gaz pudagy üçin hünärmen kadralar üstünlikli taýýarlanylýar
Ýurdumyzyň beýleki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýaşlaryň saýlap alan hünärini kämil derejede ele almaklary üpjün edilýär. Okuw mekdebinde hünär alan ýaşlaryň uly topary her ýylda döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynyň önümçiligine işe ugradylýar.
Şu ýylda hem talyp ýaşlar mekdebiň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň goldaw bermeklerinde okuw hem önümçilik tejribeliklerini üstünlikli geçdiler. Birinji hem-de ikinji ýyllyk talyplar bilen okuw hem-de önümçilik tejribelikleriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynyň önümçiliginde geçirilendigini aýtmak gerek. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy, senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak hünärini ele alýan birinji ýyl talyplar awtomatik enjamlarda üýtgeýän we hemişelik tok arkaly elektrik abzallaryny programmanyň kömegi bilen dolandyrmaklygy içgin öwrendiler. Talyp ýaşlar dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen kämil tehnologiýaly awtomatik abzallary sanly ulgam arkaly dolandyrmaklygyň tehnologiýasyny hem özleşdirdiler. Hünärmenleriň täze tehnologiýaly döwrebap enjamlary özleşdirmekleri üçin beren maslahatlary, geçiren tejribelik okuw sapaklary ýaşlaryň hünäri çuňňur öwrenmeklerine ýardam berdi.
Okuw mekdebiniň nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak hem-de ulanmak hünäriniň ikinji ýyl talyplary konserniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Bu ýerde berkidilen tejribeli hünärmenler talyp ýaşlara desganyň gaz gysyjy agregatlarynyň işleýiş tehnologiýasyny-da, kärhananyň himiki barlaghanasynda tebigy gazyň düzüminiň arassalanylyş usullaryny-da giňişleýin düşündirdiler. Şu ýerde «Galkynyş» we Döwletabat gaz känlerinden gelýän tebigy gaz sowadylýar we ýokary basyş berlip, baş gaz geçiriji boýunça «Garagum» gaz gysyjy desgasyna ugradylýar. Önümçilik tejribeliginde ýaşlar kärhananyň önümçiligi, onuň aýratynlyklary, gazçy hünärmenleriň döredijilikli işleri, baş gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň daşary bazara ugradylyşy bilen ýakyndan tanyş boldular. Munuň özi talyp ýaşlara nazary okuwlarda öwrenenlerini önümçilik bilen pugta utgaşdyryp, hünäri kämil derejede ele almaklyga şert döretdi.
— Okuw mekdebimiziň nebit we gaz känlerini işläp geçmek, nebit, gaz guýularyny düýpli abatlamak, nebit-gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak, ölçeg-barlag enjamlary we awtomatika hünärleri boýunça okaýan talyp ýaşlar konserniň «Marygazçykaryş» «Türkmengazawtomatika» müdirliklerinde we beýleki edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeligini geçirdiler.
Mekdebimizde talyplaryň okuw-önümçilik tejribeligi bellenilen meýilnama esasynda alnyp baryldy. Tejribeligiň maksadalaýyk, ýokary netijeli geçirilmeginde okuw mekdebimiziň bölüm müdirleri Nagmatmyrat Bäbekow, Serdar Orazdurdyýew, Selbi Ýagmyrowa we beýleki mugallymlar aýratyn işjeňlik görkezdiler — diýip, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň tejribeçilik işleri boýunça orunbasary Garry Agageldiýew gürrüň berýär.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.