Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.
10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşip, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler.
Bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň höwesek toparlary mynasyp boldular.
Mundan başga-da, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan türgenler we tälimçiler hem ýörite baýraklar boýunça sylaglandylar. Şeýlelikde, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinden Hudaýberdiýew Allanur «Iň ýaş türgen», «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Begjanow Ahmet «Iň çalasyn türgen» diýlip yglan edildi. «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň terbiýeçisi Pirliýew Kemalnazar bolsa, «Iň gowy tälimçi» diýen ada eýe boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.