Habarlar

Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13355/original-16a771ee24abdb.jpeg

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

Müdirligimiziň gazçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynyň birinji ýarymyny zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Şu ýylyň alty aýynda müdirlik boýunça 4 milliard 472 million kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilip, ýeriň jümmüşinden alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 4 milliard 966 million kub metre ýetirildi. Şeýlelikde, alty aýlyk meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijileriň aňyrsynda gazçylarymyzyň gijesini gündiz edip çekýän halal zähmeti, hünär ussatlygy, önümçilik tertip-düzgünine berk eýermegi we agzybirligi dur.

Bu zähmet üstünligi müdirligiň önümçilik bölekleriniň işinde hem aýdyň görünýär. Demirgazyk-Balguýy liniýa-önümçilik böleginde ýylyň birinji ýarymynda 622 million 700 müň kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilip, hakykatda, bu görkeziji 685 million kub metre ýetirildi. Şeýlelikde, bu önümçilik böleginde alty aýlyk meýilnama 110 göterim berjaý edildi. Bu bolsa Demirgazyk-Balguýynyň gazçylarynyň öňde goýlan wezipä jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.

Naýyp liniýa-önümçilik böleginde hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bu ýerde ýylyň degişli döwri üçin 181 million 200 müň kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilipdi. Gazçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 193 million kub metre ýetdi. Netijede, meýilnama 106,5 göterim ýerine ýetirildi. Naýyply gazçylar her bir iş gününi ýokary jogapkärçilik bilen garşylap, umumy üstünliklere saldamly goşant goşýarlar.

Müdirligiň iň iri önümçilik bölegi bolan Kükürtli liniýa-önümçilik böleginde bolsa ýylyň birinji ýarymy üçin bellenen 3 milliard 668 million 100 müň kub metr tebigy gazyň ýerine 4 milliard kub metrden hem gowrak gaz alyndy. Bu ýerde meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. Kükürtlili gazçylaryň gazanan bu üstünligi müdirligiň umumy görkezijileriniň ýokarlanmagyna aýratyn täsir etdi.

Şeýle hem müdirligiň garamagyndaky kärhanalarda ýylyň başyndan bäri 13 müň 421 tonna gaz kondensatyny öndürmek meýilleşdirilip, onuň öndürilen möçberi 16 müň 768 tonna ýetirildi. Bu babatda meýilnama 124,9 göterim berjaý edildi. Bu görkeziji diňe bir önümçilik mümkinçilikleriniň netijeli ulanylýandygyny däl, eýsem, işiň her bir ugrunda işgärleriň agzybir hereket edýändigini hem subut edýär.

Gazanylan üstünlikleriň esasy çeşmesi adamyň öndürijilikli zähmetidir. Önümçilikde ulanylýan kuwwatly desgalar, döwrebap enjamlar, gaz geçirijiler, guýular we tilsimat ulgamlary diňe hünärine ussat, jogapkärçiligi ýokary işgärleriň elinde hakyky netijä öwrülýär. Şonuň üçin müdirligimizde her bir hünärmeniň, her bir işgäriň zähmeti aýratyn ähmiýete eýedir. Gazçylarymyzyň bir maksada gulluk edýän agzybir topar bolup işlemegi, birek-birege goldaw bermegi, önümçilik howpsuzlygynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmegi umumy üstünligiň berk binýadydyr.

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem işgärleriň arasynda agzybirligi berkitmek, zähmete bolan höwesi artdyrmak, sagdyn we howpsuz iş şertleriniň üpjün edilmegine ýardam bermek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Ilkinji guramamyzyň işinde zähmet adamlaryny ruhlandyrmak, olaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, medeni-köpçülikleýin, wagyz-nesihat we sport-sagaldyş çärelerini guramak esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Şeýle işler önümçilikde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, işgärleriň işine bolan söýgüsiniň artmagyna, agzybir toparçylyk ruhunyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Müdirligimiziň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda gazanan üstünliklerini has-da berkitmegi, ýylyň galan döwründe hem önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Biz gazçylaryň halal zähmetiniň, hünär ussatlygynyň we jebisliginiň geljekde hem täze zähmet ýeňişlerine alyp barjakdygyna berk ynanýarys.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.