Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi. Gurnalan okuw sapagyna «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş», «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirlikleriniň we «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Emeli hemra arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalary synlamak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklarynda Metan howa agentligi, Spektrometriýanyň fizikasy we emeli hemra zondirleme tehnologiýasy, Konsentrasiýa çykarmak algoritmleri we mukdary ölçegiň matematiki usullary, Walidasiýa we barlag üçin halkara standartlary, IMEO MARS ulgamy we amaly integrasiýa boýunça ugurlara seredilip geçildi.
Okuw sapaklarynda metanyň fiziki-himiki profili, Global ýylylyk potensialy (GWP), Metana «çalt ryçag» hökmünde seretmek we antropogen goşant, antropogen zyňyndylaryň gurluşy, esasy pudaklar we syzma mehanizmler, zyňyndylary azaltmak mümkinçiligi, halkara gün tertibi we başlangyçlar hem-de 2030-njy ýyla çenli Ýol kartasy beýan edildi.
Okuw sapaklarynyň ahyrynda bolsa, IMEO MARS ulgamynda esasy global standartlaşdyrma gurluşy, torlary boýunça walidasiýa, gözegçilikli synaglary hem-de ýüze çykýan näbellilik şertlerine seredilip geçildi. Emeli hemralarynyň maglumatlaryny gaýtadan işlemegiň prosesleri we iň soňky tehnologiki ösüşlere çuňňur girişmek hem-de olary gaýtadan işlemek babatynda onuň geçişde anyklanylyşy barada maglumatlar seljerildi. Kadalaşdyrma we düzgünleşdirme boýunça «OGMP 2.0» we «EC» kadalaşdyryjy nawigasiýasyna hem garaldy.
Onlaýn okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjy hünärmenler tarapyndan degişli ylmy-amaly we tehniki ugurlar babatda sorag-jogap alşyldy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.