Habarlar

Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13411/original-16a8574bbc3626.jpeg

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýakynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Magtymguly» gaz käninde A8 belgili ulanyş guýusyndan bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymynyň hem-de 130 tonna golaý gaz kondensatynyň alynmagy bu ugurdaky üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr.

«Toplum-1» şertnamalaýyn çägindäki «Magtymguly» gaz käninde ýer astynda geçirilen ýokary hilli işleriň netijesinde A8 belgili ulanyş guýusy 4 müň 981 metr çuňlukda burawlanyldy. Häzirki wagtda başlangyç tapgyrda guýyny özleşdirmek boýunça işler dowam edip, onuň netijesinde geljekde alynýan önümiň möçberiniň artmagy çaklanylýar. Munuň özi Hazar deňziniň türkmen böleginiň, hususan-da, «Magtymguly» käniniň uglewodorod gorlaryna örän baýdygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýär.

Bu uly üstünlik Malaýziýanyň «Petronas Carigali Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygynyň çäklerinde gazanylyp, özara hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz bloklaryny özleşdirmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Şeýle giň gerimli hyzmatdaşlykda «Petronas» kompaniýasyna uly orun degişlidir.

Nebitgaz pudagy iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna şu ýylda 30 ýyl doldy. Geçen döwrüň içinde «Petronas» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezdi. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Hazar deňzinde bilelikde alnyp barlan işleriň dowamynda toplanan baý tejribe bu gün uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we öňdebaryjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýady döredýär.

Geçen 30 ýylda Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda 5 sany döwrebap platforma gurlup, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bilelikdäki işleriň netijesinde Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy. Şeýle hem deňziň türkmen kenarynda gazy taýýarlaýan zawod, kenar gaz terminaly we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desgalar toplumy üstünlikli gurlup işe girizildi. Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz bloklaryny özleşdirmek, şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze gözýetimleri açdy. Şol taryhy pursatlarda gol çekilen önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça ylalaşyklar hem-de uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin Çarçuwaly ylalaşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy nazarlaýar.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän türkmen gazçylarynyň tutanýerli işi netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň diňe soňky bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän känlerden tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymynyň alnandygynyň watandaşlarymyzda guwanç duýgusyny döredendigini aýratyn bellemek ýakymlydyr. Geçen aýda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ýylan» gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusynda 2 müň 916 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, ýer astyndaky 2 müň 860 — 2 müň 858 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli kükürtsiz, wodorodsyz arassa metan gazlardan bolan, ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan tebigy gaz akymynyň hem-de ýurdumyzyň Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumyna degişli «Çemmerli» känindäki 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusynda 1 müň 200 metr çuňlukda gazuw işleri geçirilip, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde 150 — 200 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymynyň alynmagy bu ugurda möhüm waka boldy. Munuň özi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde işleriň döwrebap derejede ýola goýlandygyna, önümçilik tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullaryna daýanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan energetika syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýangyç-energetika toplumynda guwandyryjy zähmet ýeňişleriniň gazanylmagy nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilmek bilen, Türkmenistanyň energetika kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmäge saldamly goşant goşýar.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.