Koreýa Respublikasynyň ilçisi TNGIZT-niň ýolbaşçylygy bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TNGIZT-niň saýtynda habar berilýär.
Saparyň çäginde diplomat toplumyň direktory Döwran Çişiýew bilen gepleşikler geçirdi, önümçilik meýdançalarynyň işi bilen içgin tanyşdy we desgada işleýän koreý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky nebiti gaýtadan işleýän senagatdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de koreý kärhanalarynyň Türkmenistandaky işini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edendigi üçin TNGIZT-niň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi we häzirki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin görkezilýän goldawyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. Diplomat koreý kompaniýalarynyň TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan hyzmat etmäge gatnaşmagynyň giňeljekdigine ynam bildirdi.
Saparyň çäginde ilçi Koryo Shipbuilding Industry Technology (KSIT) we Yuhan Tech kompaniýalarynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Onda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi we kompaniýalaryň häzirki işi bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.
Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň bilelikdäki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi we koreý işewürliginiň Türkmenistandaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin ählitaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi nygtaldy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.