Habarlar

Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13496/original-16a95c2b8125e4.jpeg

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr. Korporasiýanyň iň baýry hem öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan şu zähmet toparynyň hünärmenleridir işçileri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin öz iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

«Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem-de geologlary ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň gözleg-barlag işlerini geçirmek bilen ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlyklaryny hasaplamak işlerini, dürli tehnogen täsirleriň netijesinde ýerasty we ýerüsti suwlaryň topragyň geoekologiki ýagdaýyny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin gidrogeologiki we ekologiki, meliorasiýa maksatly inžener-geologiki barlag we surata almak işlerini alyp barýarlar. Gidrogeologlar şu iki welaýatyň çäklerindäki ýerasty suwlaryň düzgünini, dolanyşygyny we hilini öwrenmek işleri boýunça köpýyllyk düzgün gözegçilik işlerini ýola goýdular.

Döwletimiziň ýerasty suwlarynyň gor baýlygyny artdyrmaklygy, Mary hem Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi öz wezipe borçlary hasaplaýan ekspedisiýanyň zähmet topary häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Tärimlik, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý hem-de Narazym meýdançalarynda burawlaýyş hem-de surata almak işlerini alyp barýarlar. Şeýlelikde, ady agzalan meýdançalarda ýerasty suwlarynyň, mineral bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy, olaryň gorlaryny hasaplamak işleri netijeli häsiýetde bildirilýän talaba doly laýyk ýerine ýetirilýär. Ekspedisiýanyň gidrogeologlarynyň edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýurdumyzyň Ahal, Balkan welaýatlarynyň çäklerinde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwlaryň gözleg, barlag işlerini-de alyp barýandyklary-da bellärliklidir. Gidrogeologlar häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işini hem üstünlikli alyp barýarlar

Ýurdumyzda şanly toýlaryň toýlanyljak ýyly bolan 2026-njy ýylyň her aýynyň önümçilik tabşyryklarynyň üstünlikli berjaý edilmegine ekspedisiýanyň gidrogeologlary Gözel Allamyradowa, Ylýas Baýramalyýew, Döwlet Bäşimow, Mälik Hanmämmedow, buraw ussalary Döwran Annaýew, Bäşim Güýjow, Serdar Orazow dagy özleriniň önjeýli zähmet goşantlaryny goşýarlar.

— Döwletimiz tarapyndan berilýän ýardam-goldawlar esasynda gelip gowuşýan täze tehnologiýaly, häzirki zaman enjamlaryň hasabyna ýerasty agzy suwlarynyň gor baýlyklaryny artdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi döwrebaplaşdyrýarys. Şu ýyl kärhanamyza Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýaly buraw enjamlarynyň ikisi bölünip berildi. Biz iki ýüz, üç ýüz metr çuňluklary burawlamaklyga niýetlenilýän şol enjamlary gözleg-barlag işlerini alyp barýan meýdançalarymyzda bada-bat işe girizdik. Munuň özi kärhanamyzyň önümçiliginiň tehnologiýasynyň täzelenmegine, hünärmenlerimiziň, işçilerimiziň iş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berdi. Biz şu ýylyň geçen ýedi aýynda sütünleýin mehaniki buraw işleriniň dört müň dört ýüz metriniň ýerine on alty müň elli dört metr çuňlugy burawlap, bellenilen meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdik. Şertnamalaýyn işlerde iki müň dört ýüz on bir metr buraw işleri berjaý edildi. Biz 2026-njy ýyly ähli önümçilik görkezijileri boýunça üstünlikli jemläris — diýip «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň başlygy Amangylyç Çaryýew gürrüň berýär.

Başga habarlar
16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.


16acb822114ba8.jpeg
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy

«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.

16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.